Kaka etrabynyň sahna ussatlary täze spektakllary sahnalaşdyrýarlar

14:4923.02.2021
0
891

Kaka etrabynyň medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň agzybir döredijilik topary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ildeşlerimize toý sowgady boljak täze eserleri taýýarlaýarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Şu günler teatryň sahnasynda Aşyr Mämiliýewiň «Duralgada duran», Berdi Bäşimowyň «Kime jaý gerek, kime taý» atly eserleri esasynda sahna oýunlarynyň üstünde işlenilýär. Aýmämmet Işangulyýewiň «Jadyly söz» atly gurjak oýny hem körpe tomaşaçylara özboluşly sowgat bolar.

Täze sahna eserleriniň şowly çykmagy üçin teatryň artistleri özleriniň zehin-yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Mundan başga-da, edebi-sazly çykyşlaryň, gysgajyk degişme sahnalaryň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan rowaýatlaryň birnäçesiniň sahnalaşdyrylandygyny hem bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň