Türkmen küştçüsi azerbaýjanly dünýä çempionyny ýeňdi

13:1523.02.2021
0
16758

Türkmenistanly küştçi Allaýar Şirliýew Türkiýäniň küşt federasiýasy tarapyndan geçirilen onlaýn ýaryşda azerbaýjanly grossmeýster, rapitde we blisde dünýäniň çempiony Şahriýar Mämedýarowy 43 göçümde ýeňmegi başardy.

Bu ýeňiş Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli emin Şöhrat Myratgulyýewiň 17 ýaşly şägirdiniň ilkinji halkara üstünligi däldir. Ol aýratyn hüjüm usulynda oýnaýan küştçi hökmünde, köp zähmet çekip, dünýäniň ussat küştçüleriniň köpüsini ýeňip bolýanlygyny subut etdi.

Allaýar 2017-nji ýylda Aşgabada gelen Bütindünýä küşt federasiýsynyň Prezidenti Kirsan Ilýumjinowy küşt we şaşka mekdebinde 34 göçümde utmagy başarypdy. Soňra, 2019-njy ýylda amerikaly meşhur grossmeýster Nakamura Hikaruny hem 15, şol ýylyň 20-nji iýulynda onuň watandaşy, halkara derejeli grossmeýster Gata Kamskini 25 göçümde utdy.

Şeýle hem Allaýar Şirliýewiň 2020-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň erkekler ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aleksandr Rýazansewi 53, Aleksandr Donçenkony 35, Germaniýanyň erkekler ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Georg Maýeri 69, Azerbaýjanyň ýygyndy toparynyň agzasy Eltas Saparlini 68, 2020-nji ýylyň 7-nji we 11-nji dekabrda Wugar Rasulowy 28 göçümde utmagy başarandygyny ýatladýarys.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň