Turkmenportal logo
22.02.21
13581358
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bilýärdiňizmi? Türkmenistanyň futbol çempionatynda bir toparda iň uzak wagtlap saklanan 7 futbolçy

«Bedenterbiýe we sport» halkara žurnalynyň «7/24» hepdelik goşundysynda Türkkmenistanyň futbol çempionatynda häzirki wagtda çykyş edýän futbolçylaryň arasynda toparyna iň wepaly 7 oýunçynyň sanawy düzüldi.


Sanawyň birinji ornunda «Şagadamyň» 29 ýaşly ýarym goragçysy Hydyr Ýakubow goýulýar. Neşiriň habar berşi ýaly, ol kenarýaka toparda 2008-nji ýyldan bäri yzygiderli çykyş edip gelýär.


Ikinji orunda «Aşgabadyň» goragçysy Atageldi Geldiýew goýlupdyr. 28 ýaşly futbolçy hem 2008-nji ýyldan bäri hiç bir topara geçmän, «Aşgabadyň» üstünlikleri üçin göreşip gelýär.


Sanawyň ilkinji üçlügini ýene-de «Şagadamdan» 26 ýaşly goragçy Ionel Kosofana jemleýär. Neşiriň toparyň hünärmeni Kiçigul Kiçigulowyň maglumatlaryna salgylanyp berýän habaryna görä, onuň «Şagadamda» çykyş edip ýörenine şu ýyl 9 ýyl bolýar.


Bu sanawyň aşakdaky orunlary şeýle:


4. Arslan ÝUSUBOW, 2013-nji ýyldan bäri çykyş edýär.


Kluby: «Merw».


Meýdandaky orny: ýarym goragçy.


Doglan wagty: 29.07.1991.


Futbol köýnekçesindäki belgisi: 8.


5. Toýly GOÇNAZAROW, 2014-nji ýyldan bäri çykyş edýär.


Kluby: «Merw».


Meýdandaky orny: hüjümçi.


Doglan wagty: 13.10.1991.


Futbol köýnekçesindäki belgisi: 77.


6. Öwezmyrat ÖWEZMYRADOW, 2014-nji ýyldan bäri çykyş edýär.


Kluby: «Ahal».


Meýdandaky orny: derwezeçi.


Doglan wagty: 15.09.1993.


Futbol köýnekçesindäki belgisi: 16.


7. Akmämmet METDÄÝEW, 2016-njy ýyldan bäri çykyş edýär.


Kluby: «Nebitçi».


Meýdandaky orny: hüjümçi.


Doglan wagty: 23.07.1998.


Futbol köýnekçesindäki belgisi: 9.