Turkmenportal logo
16.02.21
12121212
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş müdiri wezipesine ilkinji gezek zenan maşgala saýlandy

Sanjym we immunizasiýa boýunça global bileleşigiň Baş geňeşiniň —«GAVI»-niň  başlygy Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Söwda Guramasynyň ilkinji zenan baş müdiri boldy.


Bütindünýä Söwda Guramasynyň twitter sahypasynda  berlen beýana görä, düýn Bütindünýä Söwda Guramasynyň  Baş geňeşi  tarapyndan geçirilen ýörite ýygnakda  66 ýaşyndaky afrikaly zenan Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Söwda Guramasynyň täze baş müdiri wezipesine bellenildi.


Bütindünýä Söwda Guramasynyň  ilkinji zenan baş müdiri Ngozi Okonjo-Iweala şu ýylyň 1-nji martynda işe başlar  we 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli bu wezipede gulluk eder. 


Ngozi Okonjo-Iweala şu wagta çenli dürli wezipelerde — Nigeriýanyň Maliýe ministri, Daşary işler ministri we Bütindünýä bankynyň dolandyryjy müdiri bolup işledi. Häzirki wagtda bolsa, Sanjym we immunizasiýa boýunça global bileleşigiň Baş geňeşine («GAVI») ýolbaşçylyk edýär.