Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Russiýanyň arasynda demirýol pudagynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk görnüşindäki ýene-de bir taslama durmuşa geçirilip başlandy.
Maglumatlara görä, eksport üçin 15 wagon ýüklerden ybarat ýük otlusy Türkiýäniň Ankara şäherinden Russiýanyň Worsino bekedine çenli iberildi. Bu ýük otlusy 8 günde, jemi 4650 kilometr ýol geçip, öz barmaly menziline ýeter.
Ýük otlusynyň 40 putluk (put – 16,3 kilogramma barabar bolan agyrlyk ölçegi) ýük wagonlary, esasan türk kompaniýalary tarapyndan öndürilen öý goşlaryndan ybaratdyr. Bu ýük otlusyndaky ýüküň umumy agramy 150 tonnadyr.
Ýük otlusy Baku – Tbilisi – Kars demir ýoly hem-de Türkiýeden, Gruziýadan we Azerbaýjandan geçýän Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi arkaly Russiýa barar.
Demirýol pudagyndaky bu halkara hyzmatdaşlygy Türkiýäniň «Pasifik Eurasia Logistics», Gruziýanyň «GR Logistics», Azerbaýjanyň «ADY Konteyner» we Russiýanyň «Russian Railways Logistics» kompaniýalarynyň taraplar üçin özara bähbitli işewürlik tagallarynyň netijesinde amala aşyrylýar.
Geçen ýylyň ahyrynda bolsa iki eksport otlusy Türkiýeden Hytaýyň Sian şäherine eltildi.