Onlaýn söwda gyzyklanma bildirýän türkmenistanlylar ýörite maksatnama gatnaşmaga çagyrylýar

10:5929.01.2021
0
15256

Onlaýyn satuwlara başlamak isleýän ýa-da elektron söwdada öň bar bolan tejribesini ösdürmek babatda gyzyklanma bildirýän kiçi we orta işewürligiň wekilleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýardam etmeginde durmuşa geçirilýän ýörite maksatnama gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB-niň resmi saýty habar berdi.

Bu çäre Halkara Söwda Merkeziniň 2020-nji ýylda başlan “Ready 4 Trade Central Asia” dörtýyllyk taslamasynyň çäklerinde geçirilip, taslama Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda halkara söwdasynyň ösüşine ýardam etmek maksady bilen Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Dalaşgär kärhana Türkmenistanda bellige alnan we önümlerini Türkmenistanda öndürýän bolmalydyr. Tikin önümçiligi we hünärmentçilik, haly dokamaklyk, durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, azyk önümleri ýaly pudaklardaky öndürijiler ileri tutulýar.

Gyzyklanma bildirýän ähli kärhanalar şu görkezilen salgylanma boýunça sowalnamany dolduryp bilerler.

Seçip alma bäsleşik esasynda ýerine ýetirilýär. Maksatnama gatnaşmak boýunça çözgüt dalaşgär kärhanalaryň aýratynlyklarynyň nazara alynmagy bilen aýratyn kabul ediler. Ir berlen arzalar gatnaşmak mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Gatnaşyjylara kömek muzdsuz esasda berilýär.

Goşmaça maglumaty TSTB-niň söwda bölüminde, şeýle hem şu telefon belgisine jaň etmek arkaly alyp bilersiňiz: +99312 21-23-92.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň