«SpaceX» şereketi birbada 143 hemrany kosmosa uçurdy

12:1625.01.2021
0
952

ABŞ-nyň raketa, emeli hemra we kosmos gämilerini öndüriji hususy kärhanasy bolan «SpaceX» şereketi «Transporter-1» missiýasynyň çäginde bir wagtyň özünde 143 sany hemrany kosmosa uçurdy. Uçurylan hemralaryň arasynda «ASELSAN»-a degişli bir kub hemra hem bar. «SpaceX» şereketi bu ädim bilen ozal orbita 104 hemra iberip, rekord goýan  Hindistandan öňe geçdi we bu babatdaky rekordy täzeledi.

Elon Maskyň meşhur kompaniýasy «SpaceX» kosmosda täze rekord goýdy. Bu kompaniýa «Transporter-1» missiýasynyň çäginde 143 sany dürli görnüşli hemrany kosmosa çykarjak «Falcon 9» raketasyny uçurdy. «SpaceX» şereketi, şeýlelik bilen «bir wagtyň özünde kosmosa iň köp emeli hemra iberen missiýa» rekordyny gazandy. 

«Transporter-1» missiýasynyň çäginde kosmosa iberilen 143 sany hemranyň arasynda dürli ýurtlara, kompaniýalara we ylmy-barlag edaralaryna degişli hemralar bar.  Bu hemralardan biri-de, «ASELSAN»-a degişlidir. Özbaşdak maliýeleşdirilýän «R&D» taslamasynyň çäginde işlenip düzülen «ASELSAT 3U» atly hemra, Ýeriň pes orbitasynda işlär.

Hemra flotuny orbitada çalt giňeltmegi dowam etdirýän «SpaceX» şereketi, häzirki işinde täze «Starlink» hemralaryny hem uçurdy. Uçurylan 143 hemranyň arasynda 10 dürli «Starlink»  hemrasy bar. Kompaniýa raketadaky bu «Starlink» hemralarynyň polýar orbitada ýerleşdirilen ilkinji hemra boljakdygyny hem mälim etdi. Häzirki wagtda kosmosda «Starlink» hemralarynyň sany 961-e ýetdi.

«Transporter-1» missiýasy, «SpaceX» şereketiniň täze raketa paýlaşmak maksatnamasynyň ilkinji önümi hökmünde tapawutlanýar. «SpaceX» şereketi «SmallSat Rideshare Programma» taslamasynyň çäginde belli bir ululykdaky kiçi hemralary hem elýeterli bahalarda orbita çykarmaklygy teklip edýär. Bu kompaniýa tarapyndan neşir edilen baha tekliplerine görä, 200 kilogramlyk ýük kosmosa bary-ýogy 1 million dollara iberilip bilner.

«SpaceX» şereketi bir wagtyň özünde 143 hemrany kosmosa uçurmaklyk bilen, ozal orbita 104 hemra iberip, rekord goýan  Hindistandan öňe geçdi we bu babatdaky rekordy täzeledi.

«SpaceX» şereketi «Starlink» hemralary bilen Ýeriň orbitasynda 12 müň hemra ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu taslamany bolsa 2027-nji ýylda tamamlanmaklyk maksat edinilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň