Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýylyň şygaryna bagyşlanan sergiler geçirilýär

11:0822.01.2021
0
1732

Ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan «Diýarym asuda, ýurdum parahat» ady bilen sungat eserleriniň sergisi hem ýylyň şygaryna bagyşlandy. Sergide ussat nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň ýerine ýetiren sungat eserleri görkezildi. Bu barada "Edebiýat we sungat" gazeti habar berdi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Annadurdy Almämmedowyň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, şeýle-de ussat suratkeşler Rustam Abdullaýewiň, Şemşat Mämmedowanyň, Mekan Nurýagdyýewiň, Dmitriý Filipçenkonyň dürli ýyllarda döreden nakgaş eserleri sergilendi. Dürli keramika eserleri bilen milli şaý-seplerimiz hem serginiň bezegine öwrüldi.

Sergä gatnaşyjylar türkmen sährasynyň täsin keşbini, dag peýzažyny, parahat Watanymyzyň sährasynyň şekillerini suratlandyrýan ajaýyp eserlere-de tomaşa etdiler.

* * *

Ýylyň şygaryna bagyşlanan sergi Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde hem guraldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan sergide nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, keramika sungatyna degişli ellä golaý suratkeşiň ýetmişden gowrak işi görkezilýär.

Birnäçe günläp dowam etjek sergide ýaýbaňlandyrylan bedew atlarymyzyň heýkelleri bedew batly ösüşlerimizi alamatlandyrsa, adamzadyň parahatçylygyna, asuda durmuşyna, agzybir ýaşaýşa, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna bagyşlanyp döredilen nakgaş eserleridir keramika önümleri täsin gözelligi bilen tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň