Soňky habarlar

Arhiw

Günorta Koreýada korrupsiýa garşy göreşýän ýörite edara döredildi

11:0222.01.2021
0
1284

«Yonhap» habarlar gullugynyň habaryna görä, Prezident Mun Çže In öňki kazy Kim Çin Wuga Korrupsiýa garşy derňew gullugyny («CIO») döretmekligi tabşyrdy.

Günorta Koreýada Mejlisiň täze edaranyň başlyklygyna 54 ýaşyndaky Kim Çin Wuganyň bellenmegini tassyklandan soň, işgärleri 25 prokurordan we 40 derňew işgärinden ybarat bolan «CIO» edarasy - Korrupsiýa garşy derňew gullugy döredildi.

«CIO» edarasy Prezident, deputatlar, prokurorlar we olaryň maşgalalary ýaly öňki we häzirki döwlet işgärlerine garşy korrupsiýa derňewlerini geçirmeklige ygtyýarlydyr. Täze döredilen bu edaranyň korrupsiýa gatnaşan bolsalar, baş kazy, baş prokuror, ýokary derejeli polisiýa we harby işgärler ýaly wezipeli adamlary hem Kazyýete bermeklige hukugy bar.

«CIO»-nyň döredilmegi Prezident Mun Çže Iniň döwlet Baştutany wezipesine işe başlamazyndan ozal beren wadalarynyň biridir.

Mun Çže In, 2017-nji ýylyň maý aýynda eden çykyşynda «CIO»-ny syýasatçylardan düýbünden garaşsyz gurama hökmünde döretjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň