Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Turan çöllerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek boýunça işler geçirildi

10:0011.01.2021
1
10658

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen tebigaty goramak boýunça Mihael Zukkow gaznasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasyndaky «Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy (СADI)

— Türkmenistanyň çöllerini gorap saklamak we durnukly peýdalanmak» atly bilelikdäki taslamanyň  çäginde köp sanly ylmy-barlag işleri geçirildi.

Hususan-da, Gündogar, Merkezi we Demirgazyk Garagum çölüne meýdan ekspedisiýalary guraldy. Bu ekspedisiýa döwründe biodürlüligiň sanawy geçirildi hem-de çöl eko ulgamlary barada ylmy maglumatlar täzelendi we goraghanalary dolandyrmaklyk meýilnamalaryny düzmeklik üçin zerur maglumatlar ýygnaldy.

Repetek, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet goraghanalarynyň işgärleri taslama işjeň gatnaşýarlar. Meýdan gözlegleriniň netijelerine esaslanyp, çölleriň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ylmy hasabatlary we täzelenen sanawlary taýýarlandy. Ekspedisiýalaryň maglumatlary Merkezi Aziýanyň çöl eko ulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemeklik üçin «Aram guşaklygynyň Turan çölleri” taslamasynda ulanylar. Bu ekspert taslamasynyň hünärmenleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetine hödürlenen transmilli obýektiniň gysgaça mazmunyny (deslapky sanawy) taýýarladylar.

Merkezi Aziýanyň Turan çölleri aýratyn howa şertleri we täsin görnüşleriň dürlüligi bilen häsiýetlendirilýär. Ýöne muňa garamazdan,  ol Halkara Tebigaty Goramak Bileleşiginiň (IUCN, 2020) geçiren ylmy-barlaglaryna görä, «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky» Konwensiýasy boýunça dünýä ähmiýeti iň az görkezilen biomlaryň hataryna girýär. Bu ýyl ekspert taslamasynyň hünärmenleri, Turan çöllerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmaklyk üçin transmilli dalaşgärligi döretmeklik ýaly birnäçe çäräni durmuşa geçirerler.

«Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy (СADI) — Türkmenistanyň çöllerini gorap saklamak we durnukly peýdalanmak» atly taslamasy 2019-njy ýylda başlandy we Graýfswald uniwersiteti hemňde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa sebitleýin bölümi bilen bilelikde iki ýyldan bäri durmuşa geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web sahypasyna görä, taslamanyň işi bar bolan çöl goraghanalarynyň çägini dolandyrmagy we giňeltmegi, bilelikdäki meýdan gözleglerine tehniki goldaw bermegi, ätiýaçlyk işgärlerini taýýarlamagy we şuňa meňzeş işleri  öz içine alýan çäreleri durmuşa geçirmegi baş maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
patriotturkmen ( 11.01.2021 )

Самые красивые места в мире это у нас в Туркменистане. Самая красивая беломраморная столица. Самый красивый, умный и мудрый уважаемый Президент. Всё самое лучшее у нас в Туркменистане. Дай Бог каждой стране жить так как мы мирно, дружно, прогрессивно весело. Живи Туркменистан, Живи и процветай мой родной Туркменистан.

1