Soňky habarlar

Arhiw

Aziýa kubogy ― 2023-iň geçiriljek seneleri belli boldy

18:5007.01.2021
0
8266

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýa kubogynyň senelerini belli etdi ― diýip, AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

Habarda hem ýazylyşy ýaly, yklymyň iň garaşylýan futbol baýramçylygy 2023-nji ýylyň 16-njy iýunyndan 16-njy iýuly aralygynda geçiriler. Duşuşyklaryň 10 şäherdäki stadionlarda geçirilmegine garaşylýar.

Yklym ýaryşynyň saýlama duşuşyklaryny Türkmenistanyň futbol ýygyndysy «H» toparçada geçirýär. Koreýa Respublikasynyň, KHDR-nyň, Liwanyň we Şri-Lankanyň topardaşy bolan milli ýygyndymyz edil häzir 9 utuk bilen toparçada birinji orny eýeleýär. Eger pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar päsgel bermese, milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşygyny 21-nji martda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen myhmançylykda geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň