Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň serhetlerinden awtoulag tirkegleri galtaşyksyz geçirilýär

17:0404.01.2021
0
49757

«Türkmenawtoulaglary» agentligi öz resmi saýtynda «Sarahs ― Sarahs», «Artyk ― Lütfabat» we «Garabogaz ― Temirbaba» gözegçilik geçiriş ýerlerinden 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýratyn görkezmä çenli awtoulag tirkegleriniň galtaşyksyz geçirilmegine rugsat berlendigini habar berdi.

Agentlik bu işleriň türkmen-eýran we türkmen-gazak gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň gözegçilik-geçiriş ýerlerinden halkara ýük daşamalarynyň Düzgünlerine laýyklykda geçirilýändigini ýatladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň