Soňky habarlar

Arhiw

«Sogdiana» Arslanmyrat Amanow bilen gyzyklanýar

12:4704.01.2021
0
9013

Türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanowyň gyşky transfer penjiresinde AGMK bilen hoşlaşmagy mümkin. Özbegistanyň başga bir futbol topary ― «Sogdiana» 30 ýaşly ýarym goragçy bilen gyzyklanýar ― diýip, championat.asia habar berýär.

Iki möwsümden bäri ýurduň Super ligasynda çykyş edip gelýän «Sogdiana» gyşky transfer penjiresinde düzümini güýçlendirmegi meýilleşdirýär. Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanda transfer penjiri şu gün resmi taýdan açyldy. Klublar täze futbolçylary bilen şertnamalary 12-nji marta çenli baglaşyp bilerler.

Toparyň baş tälimçisi Ulugbek Bakaew Arslanmyrat Amanow bilen 2018-nji ýylda «Buhara» tälim berýärkä hem işleşipdi. Şonuň üçin hem ony «Sogdianada» görmek teklibi baş tälimçiden gelen bolmagy hem ahmal.

Ildeşimiziň geçen möwsümde AGMK-niň düzüminde 23 duşuşyga çykandygyny ýatladýarys. Ol 1025 minut futbol oýnap, garşydaş derwezelere 2 pökgi geçirdi. Arslanmyrat Amanow AGMK bilen Özbegistanyň çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň