Top.Mail.Ru

Ronaldu - 2020-nji ýylyň "Altyn aýagy"

13:1422.12.2020
0
12603

“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu ýekşenbe güni “Altyn aýak” (Golden Foot-2020) baýragyny aldy. 35 ýaşly portugaliýaly ýyldyzyň baýraga mynasyp bolandygy eýýäm 1-nji dekabrda mälim bolupdy, ýöne baýrak oňa diňe şu wagt gowşuryldy.

Bu baýrak, dünýädäki janköýerleriň arasynda geçirilen ses berişlige esaslanyp, futbolyň ösmegine ep-esli goşant goşan 28 ýaşdan uly oýunçylara gowşurylýar. Golden Foot baýragynyň eýeleri öz aýak yzlaryny goýýarlar, soňra ol aýak yzlar Monte-Karlodaky Çempionlar alleýasynda görkezilişe goýulýar.

Bu ýyl baýraga Ronaldudan başga-da Lionel Messi, Serhio Ramos, Arturo Widal, Žerar Pike, Robert Lewandowski, Mohamed Salah, Serhio Agüero, Neýmar hem-de Jorjio Kellini dalaş etdi.

Baýrak 2003-nji ýyldan bäri berlip gelinýär, bu döwür içinde oňa Roberto Bajjo, Pawel Nedwed, Andreý Şewçenko, Ronaldo, Alessandro Del Piero, Roberto Karlos, Ronaldinýo, Françesko Totti, Raýan Giggs, Zlatan Ibrahimowiç, Didýe Drogba, Andreas Iniesta,  Samýuel Eto'o, Janluiji Buffon, Iker Kasilýas, Edinson Kawani we Luka Modriç mynasyp bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň