Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabriginde şu ýyl dürli möçberdäki nah ýüplügiň 1220 tonnadan gowragy öndürildi. Özüniň ýokary hili hem-de halkara ülňülere laýyklygy bilen dünýäde bäsdeşlige ukyply önümler içerki we daşarky bazarlara ugradyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda döwrebap pagta egriji kärhanalaryň ikisi gurlup, ulanylmaga berildi. Öňden hereket edýän «Serdar» fabrigi tehnologik taýdan doly täzelendi, onuň ähli önümçilik ulgamlaryna pagta egriji enjamlaryň kämil nusgalary ornaşdyryldy.
— Kärhanamyzda her bir senenamany zähmet üstünliklerine beslemek boýunça göwnejaý işler alnyp barylýar — diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Akja Gazakowa gürrüň berýär: — 2020-nji ýylda nah ýüplükler bilen bir hatarda dokma materiallaryndan alynýan pamygyň önümçiligi hem ýola goýuldy. Ýylyň başyndan bäri fabrikde pamyk we pamyk önümleriniň 400 tonnadan gowragy öndürilip, 145 göterim ösüş gazanyldy. Ýene-de bir guwançly ýeri, bizde işleýänleriň aglabasy ýaşlar. Olar bu ýokary tehnologiýalara, saraýjy, egriji, lentalaýjy enjamlara ussatlyk bilen erk edýärler.
— Fabrikde ähli önümçilik ugurlary kompýuterler arkaly dolandyrylýar — diýip, egriji enjamyň operatory Bibijan Gutlyýewa aýdýar: — Diňe şu ýylyň özünde käbir önümçilik ugurlaryna iň kämil enjamlar oturdyldy. Ösen tehnologiýalar bilen işlemegiň tärini ele alan ýaşlarymyz täze enjamlara erk edip, olary doly güýjünde işledýärler. Şu ýerde öňdebaryjy işdeşlerimiziň atlaryny guwanç bilen agzasym gelýär. Işçi-hünärmenlerimiz Gülşat Hekimowa, Çemen Kuwwatnyýazowa, Gülnur Berdimyradowa, Aşyr Bekmyradow öz iş orunlarynda ýokary netijeleri görkezip, kärhananyň gazanýan üstünliklerine goşant goşýarlar.