Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti» atly Halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň dabaraly mejlisine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dabaraly mejlisini açyp, ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Bu çykyş «Türkmenportalyň» aýratyn habarynda dolulygyna berilýär.
Soňra forumda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişiň maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi diňlendi.
Jenap Antoniu Guterrişiň aýratyn belleýşi ýaly, şol pursatdan başlap biziň ýurdumyz sebitiň döwletleriniň arasynda we onuň çäklerinden daşarda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde işjeň we oňyn orny eýelemegini dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary 2007-nji ýylda ýurdumyzyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezini kabul edendigi hem-de onuň işini goldaýandygy üçin Türkmenistanyň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy.
Soňra Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed al-Usaýminiň wideoýüzlenmesi görkezildi.
Türkmenistanyň düýpli ösüşlere ýetmek ýolundadeňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de ählumumy hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlary YHG-niň 2020-2025-nji ýyllar üçin Hereketler maksatnamasynyň wezipelerine kybap gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzyň, bu guramanyň YHG-niň taglymlaryna ygrarlydygyna, bilelikdäki çärelere hem-de YHG-niň möhüm çäreleriniň geçirilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi nygtaldy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew hem maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesini iberdi.
“Biz Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerinde guramaga çalyşýandygyny açyk-aýdyň görýäris” diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiň Başlygy-ýerine ýetiriji sekretary aýtdy.
Soňra Şanhaý Hyzmatdaşlyk GuramasynyňBaş sekretary Wladimir Norowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi .
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini kabul etmegi netijesinde, çuňňur oýlanyşykly ynsanperwer häsiýetli syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik we howpniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berkidilmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Bu sözleriň tassyknamasy hökmünde W.Norow geçen ýyl “McKinsey Global Institute” halkara konsalting şereketiniň Türkmenistany dünýä ykdysady ösüşiniň durnukly depgininden öňde barýan, durnukly we tiz ösüşi üpjün edýän dünýäniň 18 ýurdunyň biri hökmünde ykrar edendigi baradaky mysaly getirdi.
Wideoýüzlenmede bitaraplyk ýörelgeleriniň üýtgewsiz berjaý edilmeginiň Türkmenistana halkara toparlarynda ygtybarly, jogapkärli we yzygiderli hyzmatdaş hökmünde abraý getirendigi, onuň syýasatynyň gysga wagtlyk bähbitlere tabyn edilmeýändigi bellenilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyňBaş direktory hanym Odre Azule hem maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesini iberdi.
ÝUNESKO-nyň Baş direktory wideoýüzlenmesinde şu gün foruma gatnaşyjylaryň ählisi bilen birlikde, Türkmenistanyň, şonuň ýaly-da, ähli bitarap döwletleriň şu ýörelgelere ygrarlydygyny baýram etmäge gatnaşmak isleýändigini belledi. Olar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, raýdaşlyga, özara ynanyşmaga hem-de gatnaşyklara esaslanýan parahatçylyk medeniýetini döretmegiň üstünde işleýärler. Bu parahatçylyk medeniýeti ÝUNESKO-da hem-de beýleki köptaraplaýyn ulgamda seslenmä eýe bolýar.
Döwlet Baştutany wideoýüzlenmeleri we Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
Soňra bu ýerde BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Germanyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozdyň, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohiniň çykyşlary diňlenildi.
Forumyň barşynda beýan edilen teklipler bu ugurlar boýunça giň we yzygiderli köptarplaýyn hyzmatdaşlyga täzeçe çemeleşmeleriň esasyny döredip, halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigi, peýdalydygy hem-de uly mümkinçiliklere eýedigi barada has aýdyň we anyk düşünjeleri emele getirip biler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň, türkmen halkynyň adyna aýdylan hoşniýetli sözler, halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlarymyza ýokary baha berilýändigi üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahaty köpsanly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde öz işini umumy mejlisler arkaly dowam etdi.
Mejlisde edilen çykyşlarda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde türkmen Bitarplygynyň ähmiýetine dogry we hemmetaraplaýyn baha berildi, onuň möhüm ynsanperwer häsiýeti bellenildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň doly goldanylýandygy beýan edildi.
DÖM-e ýetilmegine degişli meseleler hem-de şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we multimodal ulag-üstaşyr düzümleri ösdürmek, energetika diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly ulgamda hyzmatdaşlygy ilerletmek meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.