Turkmenportal logo
07.12.20
12771277
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2020: möwsümde näçe futbolçy tapawutlandy?

Ýakynda tamamlanan Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 28-nji möwsüminde 329 pökginiň geçirilendigini habar beripdik. Eýsem, bu pökgüleri näçe futbolçy geçirdikä?


«Turkmenportalyň» habarçysynyň şahsy hasaplamalaryna görä, Ýokary liga ― 2020-de göni 100 futbolçy tapawutlandy. Olardan diňe «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew 35 pökgi geçirdi. Galan futbolçylaryň hiç haýsy hem 20 golluk sepgide ýetip bilmediler.


Geçen möwsümde 6 futbolçy 10 ýa-da ondan kän pökgi geçirdi. Has takygy, möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň ilkinji 10-lugy aşakdaky tertipde.


1. Altymyrat Annadurdyýew, «Altyn asyr», 35 pökgi;


2 ― 3. Yhlas Magtymow, «Şagadam», 16 pökgi;


2 ― 3. Elman Tagaýew, «Ahal», 16 pökgi;


4. Mihail Titow, «Altyn asyr», 13 pökgi;


5. Myrat Ýagşyýew, «Ahal», 11 pökgi;


6. Nazar Towakelow, «Aşgabat», 10 pökgi;


7. Hemra Amanmämmedow, «Şagadam», 9 pökgi;


8. Alibek Abdyrahmanow, «Merw», «Nebitçi», 8 pökgi;


9. Pirmyrat Sultanow, «Ahal», 7 pökgi;


10. Baýramgeldi Nurlyýew, «Şagadam», 6 pökgi;


10. Döwlet Seýitmuhammedow, «Köpetdag», 6 pökgi;


10. Pirmyrat Gazakow, «Merw», 6 pökgi.


Möwsümde jemi 6 futbolçy öz derwezesine pökgi geçirdiler. Olar barada indiki habarymyzda doly ýazarys.