Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberdi

22:1304.12.2020
0
13087

Dermanlarda we lukmançylyk enjamlarynda, şeýle hem azyk, dokma we öý önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer ýük Türkmenistandan Owganystanyň Jowuzjan, Farýap we Hyrat welaýatlarynda kabul edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde ynsanperwerlik ýüküniň gowşurylyş dabarasyna Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti, şeýle-de Owganystanyň ýokary wezipeli döwlet işgärleri gatnaşdylar.

Goňşy ýurda ýene nobatdaky ynsanperwer kömegini ibermek Karary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli kabul edildi.

Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, ynsanperwer ýükleri guramak boýunça taýýarlyk Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliklerine, Dokma senagaty ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşigine we Daşary işler ministrligine tabşyryldy.  

2020-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi bermek üçin üç ýyllyk ýörite Maksatnama kabul etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň