UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi

17:4502.12.2020
0
1775

UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi. Futbol janköýerleri 5 derwezeçiniň, 15 goragçynyň, 15 ýarymgoragçynyň hem-de 15 hüjümçiniň, jemi 50 futbolçynyň arasyndan ýylyň simwolik ýygyndysyny saýlarlar. Edil şonuň ýaly zenanlaryň arasynda-da ýylyň topary saýlanar. Ses berlişik 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwaryna çenli dowam edýär.

Erkekleriň arasyndaky 50 futbolçynyň 10-sy “Bawariýadan” bolup, nemes kluby bu ugurda öňde barýar. “Ýuwentusyň” super ýyldyzy Kristiano Ronaldo 17-nji gezek dalaşgär görkezildi. Ol 13-si yzly-yzyna jemi 14 gezek ýylyň simwolik ýygyndysyna saýlanypdy. Ronaldo dalaşgär görkezilmekde-de, topara saýlanmakda-da rekordlaryň eýesidir.

DERWEZEÇILER: Allison Beker, Entoni Lopes, Keýlow Nawas, Manuel Noýer, Ýan Oblak

GORAGÇYLAR: Dawid Alaba, Trent Aleksander-Arnold, Anjelinio, Huan Bernat, Alfonso Dewies, Mattiýs de Ligt, Stefan de Wreý, Hans Hatebor, Jozua Kimmih, Presnel Kimpembe, Serhio Ramos, Endi Robertson, Tiago Silwa, Daýot Upamekano, Wirgil Wan Deýk

ÝARYMGORAGÇYLAR: Tiago Alkantara, Hussem Auar, Ewer Banega, Nikola Barella, Kingsli Koman, Kewin de Bruýne, Bruno Fernandeş, Alehandro Gomez, Leon Goreska, Kai Hawertz, Jordan Henderson, Ýosip Iliçiç, Markinios, Tomas Müller, Marsel Sabitser

HÜJÜMÇILER: Erling Holan, Anhel Di Mariýa, Žoao Feliks, Serže Gnabri, Çiro Immobile, Harri Keýn, Robert Lewandowski, Romelu Lukaku, Sadio Mane, Kilian Mbappe, Lionel Messi, Neýmar, Kristiano Ronaldo, Mohamed Salah, Rahim Sterling.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň