Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kristiano Ronaldo “Golden Foot” baýragyna mynasyp boldy

14:5202.12.2020
0
1527

“Ýuwentus” toparynyň portugaliýaly super ýyldyzy Kristiano Ronaldo “Golden Foot” baýragyna laýyk görüldi. Monako şalygy tarapyndan 28 ýaşdan uly bolan futbolçylara berilýän baýragyň ýeňijisi janköýerleriň ses bermegi esasynda saýlanýar. 35 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy bu abraýly baýrak ugrunda Lionel Messi, Robert Lewandowski, Serhio Ramos, Arturo Widal, Žerar Pike, Mohamed Salah, Neýmar, Serhio Aguero, Jorjo Kiellini dagydan öňe saýlandy. Şeýle-de “Ýuwentus” toparynyň prezidenti Andrea Anýelli “Golden Foot Prestige” baýragyna laýyk görüldi.

“Golden Foot” baýragy 2003-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. Oňa şol ýyldan bäri degişlilikde, Robert Bajjo, Pawel Nedwed, Andreý Şewçenko, Ronaldo, Alessandro Del Piero, Roberto Karlos, Ronaldinio, Françesko Totti, Raýan Giggs, Zlatan Ibrahimowiç, Didie Drogba, Andres Iniesta, Samuel Eto’o, Janluiji Buffon, Iker Kasilýas, Edinson Kawani, Luka Modriç dagy mynasyp boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň