Soňky habarlar

Arhiw

“Akylly” sagatlaryny tanyşdyrdy

21:2801.12.2020
0
1782

“Huami” brendi iki sany ykjam “akylly” sagadyny tanyşdyrdy. “Amazfit GTS 2 mini” hem-de “Amazfit POP” atly sagatlar arzan bahaly bolmagy bilen tapawutlanýar. “Amazfit GTS 2 mini” sagadynyň ululygy 1,55 dýuýma deň. Goşar sagadynyň “Always on Display” aýratynlygy bolan enjam ulanyjynyň ýürek urşuny we ganyndaky kislorod mukdaryny hemişe ölçäp durýar. AMOLED ekranly sagadyň gabarasy alýuminden öndürilipdir. 5 atmosfera çenli basyşly suwa çydamly bolan sagadyň batareýasy 21 güne ýetýär. Bu sagat gündelik durmuşdaky hereketleriň, maşklaryň we sport görnüşleriniň 70-den gowragyny hasaplaýar. Goşar sagadynyň bahasynyň 105 dollar boljakdygy mälim edildi.

“Amazfit POP sagady bolsa GPS aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Sagadyň 320x302 piksel durulygyndaky ekranynyň ululygy 1,43 dýuýma deň. Bu sagat 30-dan gowrak hereketiň hasabyny ýöredýär. Enjamyň bahasynyň 60 dollardygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň