Soňky habarlar

Arhiw

Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek...

16:2101.12.2020
0
1009

UEFA Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek zenan emin jürlewük çalar. Fransiýaly meşhur zenan emin Stefani Frappar ertirki “Ýuwentus” – “Dinamo Kiýew” duşuşygyna eminlik eder. Şeýle waka UEFA Çempionlar ligasynda ilkinji gezek bolýar. 36 ýaşyndaky Frappara Hişam Zakrani, Medi Ramuni ýardam berer. Mälim bolşy ýaly, Frappar 2019-njy “Liwerpul” bilen “Çelsiniň” arasyndaky UEFA Super Kubogy duşuşygynda-da eminlik edipdi. Ol şonda UEFA-nyň iri ýaryşlarynda jürlewük çalan ilkinji zenan emin bolupdy. Frappar häzirki wagtda Fransiýanyň çempionaty Ligue 1-de hem-de Ýewropa Ligasynyň duşuşyklaryna-da eminlik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň