Soňky habarlar

Arhiw

Pandemiýa sebäpli Tokio Olimpiýa oýunlaryny yza süýşürmeklik üçin 1,9 milliard dollar sarp edildi

11:2930.11.2020
0
1233

 Ýaponiýa koronawirus epidemiýasy sebäpli «Tokio – 2020» olimpiýa oýunlaryny bir ýyl yza süýşürmeklik üçin 1,9 milliard dollar sarp etdi.

«Yomiuri Shimbun» gazetiniň habar bermegine görä, Ýaponiýa  «Tokio – 2020» olimpiýa oýunlary üçin pandemiýadan öň 13 milliard dollar sarp edipdir, «COVID-19» ýokanç keseli sebäpli bu sport ýaryşyny yza süýşürmeklik kararynyň esasynda bolsa, goşmaça 1,9 milliard dollar çykdajy edipdir.

Şu ýylyň mart aýynda Halkara Olimpiýa komiteti bilen Ýaponiýanyň hökümeti koronawirus epidemiýasynyň bütin dünýäde çalt ýaýramagy sebäpli «Tokio – 2020» olimpiýa oýunlaryny bir ýyl yza süýşürmeli boldy.

Bu sport ýaryşy üçin ozal hasaplanan goşmaça çykdajy 2,8 milliard dollardy, ýöne käbir tygşytlylyk kararlary bilen bu çykdajy 1,9 milliard dollara çenli azaldy. Alnan tygşytlylyk kararlarynyň arasynda açylyş dabarasynyň ýatyrylmagy hem bar.

2021-nji ýylyň tomsunda hem koronawirus epidemiýasynyň dowam etjekdigi barada şübheler dowam edýärkä, Tokio Olimpiýa Guramaçylyk Komiteti bilen Halkara olimpiýa komiteti bu çäräniň howpsuz geçirilip bilinjekdigini öňe sürýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň