Top.Mail.Ru

Arhiw

Gazagystanyň paýtagty üçin türkmen gazynyň satyn alynmagy mümkin

17:3029.11.2020
0
1222

Gazagystanyň Hökümeti paýtagt şäheri Nur-Soltany türkmen gazy bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gazagystanyň Energetika ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, “Delowoý Kazahstan” gazeti habar berýär.

“Türkmen gazy babatynda aýdylanda, häzirki wagtda türkmen tarapy bilen gepleşikler geçirilýär. Bu mesele boýunça heniz çözgüt kabul edilmedi” diýip, “Elektron hökümetiniň” portalynda çap edilen Energetika ministrliginiň maglumatlarynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, Nur-Soltanyň gaz üpjünçiligi entäk Gazagystanyň öz gazynyň hasabyna ýerine ýetiriler.

“2021-nji ýylda “Saryarka” gaz geçirijisiniň üsti bilen 300 mln. kub metre çenli gaz getirmek meýilleşdirilýär” diýip, ministrligiň maglumatlarynda bellenilýär.

Mundan başga-da, şu ýylyň sentýabr aýynda Gazagystanyň premýer-ministri Askar Maminiň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda ýurtda içerki bazar üçin türkmen gazyny satyn almak mümkinçiligine garalýandygyny habar berdi.

2020-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda ýurtda “mawy ýangyjyň” 30 milliard kub metre golaýy çykarylyp, onuň 14 milliard kub metrden gowragy eksport edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň