Soňky habarlar

Arhiw

Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň torbalary belli boldy

20:2727.11.2020
0
1448

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň bijeleri 7-nji dekabrda çekiler. Bijä laýyklykda 55 ýygyndy 10 toparçada çykyş eder. FIFA şol toparçalaryň torbalaryny mälim etdi. Şoňa görä, Belgiýanyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, Portugaliýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Horwatiýanyň, Daniýanyň, Germaniýanyň hem-de Niderlandlaryň ýygyndylary  1-nji torbadan bijä goşular. Başgaça aýdylanda şu ýygyndylar her toparçanyň iň esasy faworit topary bolar. Lýuksemburgyň 4-nji torbada bolmagy aýratyn bellärliklidir. Duşuşyklar 2021-nji ýylyň 24-nji martynda başlap, 2021-nji ýylyň 16-njy noýabrynda tamamlanar. Pleý-off tapgyry bolsa, 2022-nji ýylyň mart aýynda oýnalar.

Her toparçada 1-nji ýeri alanlar gönümel Dünýä Kubogyna gatnaşar. Toparçada 2-nji ýeri eýelän 10 topar bilen Milletler Ligasyndan goşuljak 2 toparyň arasynda 1 oýundan ybarat pleý-off oýunlary geçiriler we ýene-de 3 ýygyndy Ýewropanyň adyndan Ddünýä Kubogyna wekilçilik eder.  

 

1-nji torba: Belgiýa, Fransiýa, Angliýa, Portugaliýa, Ispaniýa, Italiýa, Horwatiýa, Daniýa, Germaniýa, Niderlandlar

2-nji torba: Şweýsariýa, Uels, Polşa, Şwesiýa, Awstriýa, Ukraina, Serbiýa, Türkiýe, Slowakiýa, Rumyniýa

3-nji torba: Russiýa, Wengriýa, Irlandiýa, Çehiýa, Norwegiýa, Demirgazyk Irlandiýa, Islandiýa, Şotlandiýa, Gresiýa, Finlýandiýa

4-nji torba: Bosniýa we Gersegowina, Sloweniýa, Garadag, Demirgazyk Makedoniýa, Albaniýa, Bolgariýa, Ysraýyl, Belarus, Gruziýa, Lýuksemburg

5-nji torba: Ermenistan, Kipr, Farer adalary, Azerbaýjan, Estoniýa, Kosowo, Gazagystan, Litwa, Latwiýa, Andorra

6-njy torba: Malta, Moldowa, Lihtenşteýn, Gibraltar, San Marino

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň