Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi

17:4625.11.2020
0
1965

FIFA tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän “The Best” baýraklarynyň dalaşgärleriniň gysga sanawyny mälim etdi. Iň gowy erkek futbolçy baýragyna Tiago Alkantara (Bawariýa/Liwerpul), Kristiano Ronaldo (Ýuwentus), Kewin de Bruýne (M. Siti), Robert Lewandowski (Bawariýa), Sadio Mane (Liwerpul), Kilian Mbappe (PSŽ), Lionel Messi (Barselona), Neýmar (PSŽ), Serhio Ramos (Real Madrid), Mohamed Salah  hem-de Wirjil wan Deýk (ikisem – Liwerpul) dagy dalaşgär görkezildi.

Iň gowy derwezeçi baýragyna-da Allison, Tibo Kurtua, Keýlor Nawas, Manuel Noýer, Ýan Oblak hem-de Mark-Andre ter Ştegen dalaşgärlige hödürlendi. Şeýle-de Luis Suares, Oliwie Žiru we başga-da 8 futbolçynyň geçiren gollary iň owadan gol ugrunda ses berlişige goýuldy. Iň köp ses alan gol Puşkaş baýragyna laýyk görler.

“FIFA The Best” baýraklarynyň ýeňijileri 17-nji dekabrda mälim ediler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň