Turkmenportal logo
25.11.20
14641464
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Barselona” Messisiz, “Ýuwentus” kynlyk bilen ýeňiş gazanyp, 2-nji tapgyra çykdy

UEFA Çempionlar ligasynda “G” toparçada 2-nji tapgyra çykan klublar belli boldy. Messisiz Kiýewde ýerli “Dinamo” bilen duşuşan “Barselona” 4–0 hasabynda ýeňiş gazandy. 2-nji ýarymda geçirilen gollary 52-nji minutda täze transfer Dest, 57-nji we 70-nji (pen.) minutlarda Breýtweýt hem-de 90+2-nji minutda Grizmann öz atlaryna ýazdyrdylar.


Beýleki oýunda “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Ferenswaroşdan” kynlyk bilen 2-1 hasabynda üstün çykmagy başardy. 19-njy minutda Uzuniniň goly bilen öňe saýlanan wenger toparynyň derwezesinden ýeňiş gollaryny 35-nji minutda Kristiano Ronaldo bilen 90+2-nji minutda Alwaro Morata girizdi. Bu Ronaldonyň toparçalardaky 64-nji goly, umumylykda Çempionlar ligasyndaky 131-nji goluny öz adyna ýazdyrdy.


Şeýlelikde, 4 oýunda “Barselona” 12, “Ýuwentus” 9 utuk toplap, wagtyndan ir 1/8 finala çykmagy başardy. 1 utugy bolan “Dinamo Kiýew” bilen “Ferenswaroşyň” haýsy hem bolsa, biri galan oýunlardan soň, öňe saýlanan topar bagtyny Ýewropa ligasynda synap görer.  


 


“Dinamo Kiýew” – “Barselona” – 0:4 (Dest 52, Braýtwaýt 57, 70 p, Grizmann 90+2)


“Ýuwentus” – “Ferenswaroş” – 2:1 (Ronaldo 35, Morata 90+2 – Uzuni 19)