Soňky habarlar

Arhiw

Kuman Messi we de Ýongy sanawa almady

16:3824.11.2020
0
1177

Ispaniýanyň çempionatynda soňky 29 ýylyň şowsuz başlangyjyny başdan geçirýän “Barselonanyň” tälimçisi Ronald Kuman toparynyň Çempionlar ligasyndaky duşuşygynda Messini oýnatmaz. Tälimçi Lionel Messi bilen gollandiýaly Frenki De Ýongy şu günki “Dinamo Kiýew” bilen boljak duşuşygyň sanawyna almady. Tälimçi 2 ýyldyz oýunçysynyň dynç almagynyň gerekdigini beýan edip, şol sebäpli düzüme almandygyny habar berdi. Şu gün myhmançylykda “Dinamo Kiýew” bilen duşuşjak “Barselonada” şikesi sebäpli Žerar Pike, Serji Roberto, Ansu Fati dagy meýdança çykmaz. “Barselona” şu günki oýunda ýeňiş gazanan ýagdaýynda wagtyndan öň 1/8 finalda oýnamaga ygtyýar alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň