“Volkswagen” kompaniýasy brendleriniň sanyny köpeldýär. Nemes ägirdi ABŞ-nyň “Navistar” brendini satyn aldy. Häzirki wagtda “Volkswagen” beýleki birnäçe awtoulag brendlerinip birnäçesine eýeçilik edýär. Olaryň arasynda “Audi”, “Porsche”, “Bentley”, “Skoda”, “Seat”, “Lamborghini”, “Bugatti Ducati”, “Scania” we MAN ýaly uly girdeji, ygtybarly brendler bar. Muňa garamazdan, kompaniýa ösüşini dowam etdirýär. Bir asyrdan gowrak wagtdan bäri awtobus we ýük ulaglaryny öndürýän “Navistar” kompaniýasy hem “Volkswagen”-iň hataryna goşuldy. Bu hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin “Volkswagen” 3,7 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekdi. “Volkswagen”-iň ýolbaşçysy Herbert Dýess awtoulaglarynyň pandemiýa çökgünligine gowy geçirýändigini, “Ducati” motosiklleriniň satuwynyň ýokarlanýandygyny belleýär. Bilermenler mundan soňra “Navistar” ýük ulaglarynyň Ýewropa bazarynda satuwa çykaryljakdygyny belleýärler.
Soňky habarlar
Arhiw
“Volkswagen” “Navistar”-y satyn aldy
16:5115.11.2020
0
876
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň