Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen himiýaçylary düzümi demirli magdany baýlaşdyrmagyň ýönekeý usulyny tapdylar

13:2315.11.2020
0
13535

 

Türkmen himiýaçylary Gyzylgaýa käninde düzümi demirli magdany baýlaşdyrmagyň ýönekeý, emma netijeli usulyny işläp taýýarladylar we ony ýurduň sement senagatynyň kärhanalaryna ornaşdyrdylar. Ol birnäçe gezek suwa ezmegiň we kolloid bölejiklerinden arassalamagyň hasabyna belli bir ölçegde owradylan magdanda demir oksidiniň düzümini artdyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Habar berlişine görä, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgärleriniň toparyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugynyň 836 belgili patenti gowşuryldy.

Bu usulyň önümçilige ornaşdyrylmagy sement çykarmak üçin ýerli çig mal magdanynyň düzüminde demir oksidiniň möçberini zerur 40% ýetirmäge mümkinçilik berdi. Sement önümçiligi üçin demir magdanyny baýlaşdyrmagy alymlar Türkmenistanda ilkinji gezek amala aşyrdylar.

Bu synag çig malyň – Gyzylgaýa käniniň düzümi demirli magdanynyň belli bir derejede gaýtadan işlenenden soň sement önümçiliginde ulanyp boljakdygyny subut etdi. Ozal gurluşyk materialynyň bu komponenti daşary ýurtlardan satyn alynýardy. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek döwlet maksatnamasynyň çäklerinde TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy bilen bilelikde Tüwergyr dag-magdan sebitiniň tebigy serişdelerini ulanmak mümkinçiligini öwrendiler we Çagyl käninde düzümi demirli çig mal almagy guramaga kömek etdiler.

Ýerli çig mal – demir oksidi – dolulygyna daşary ýurtlardan getirilýäniň ornuny tutdy. Daşary ýurtlardan getirilýän demir magdanyndan ýüz öwrülmegi netijesinde ýylda ABŞ-nyň birnäçe million dollary möçberinde serişde tygşytlanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň