Soňky habarlar

Arhiw

“Fiorentina” ozalky tälimçisini wezipä belledi

17:5710.11.2020
0
487

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 8 utuk bilen 12-nji hatarda barýan “Fiorentina” toparynyň tälimçisi çalşyldy. Toparyň ýolbaşçylary Juseppe Ýaçinini wezipesinden boşadyp, ornuna topara ozalam tälim beren Sezare Prandellini bellediler. 63 ýaşyndaky tälimçi 2005-2010-njy ýyllar aralygynda “Fiorentina” tälim beripdi. Möwsümiň soňuna çenli wezipä bellenen Prandelli karýerasy boýunça “Leççe”, “Werona”, “Parma”, “Roma”, “Galatasaraý”, “Walensiýa”, “Al-Nasr” hem-de “Jenoa” toparlaryna hem-de Italiýanyň ýygyndysyna tälim beripdi. Ol Italiýanyň ýygyndysy bilen Ýewropa çempionatynda 2-nji ýeri eýeläpdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň