Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

AMOLED ekranly we 64 MP-lik kameraly «Vivo S7e 5G» smartfony hödürlendi

17:1305.11.2020
0
812

Hytaýyň smartfon öndürijisi «Vivo» şereketi orta segmentdäki iň täze smartfony bolan «Vivo S7e 5G» -ni hödürledi. «MediaTek” prosessor bilen üpjün edilen smartfon, deşikli ekran   dizaýny, barmak yzyny okaýjysy we üç sany yzky kamera gurnamasy bilen ünsi özüne çekýär.

«Mediatek Dimensity 720»  prosessorly, 5G goldawy bolan «Vivo S7e 5G» smartfony  ulanyjylara 8 GB-lik RAM göterijisi bilen 128 GB-lik maglumat saklaýjy ýady we 6,44 dýuýmlyk “Full HD + AMOLED” ekrany  hödürleýär. 

Arka tarapynda f/1.89 diafragmaly, 64 MP-lik durulykly esasy kamerasy bolan «Vivo S7e 5G» smartfony, bu esasy kamerany 120 dereje meýdany we 2 MP-lik çuňlukdakly sensory bolan 8 MP-lik ultra giň burçly kamera bilen goldaýar. Enjamyň aşak düşýän kamerasyndaky selefi kamerasy 32 MP-dir.

«Android 10»  operasion ulgamy we “FunTouchOS” interfeýsi bilen gutudan çykýan “Vivo S7e 5G»  smartfony 4.100 mAh we 33W çalt kuwwat beriş goldawyna eýe bolan adaty batareýasy bar. 5G-den başga-da, enjamda goşa zolakly «Wi-Fi», «Bluetooth 5.0», 3,5 mm gulaklyk, GPS, goşa SIM we USB Type-C birikmesi bar.

«Vivo S7e 5G» smartfonynyň esasy tehniki aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybarat:

Prosessor: Mediatek Dimensity 720 prosessor 

RAM göteriji: 8 GB 

Maglumat saklaýjy ýat: 128 GB 

Ekrany: 6.44 Doly HD + AMOLED 

Yzky kamera: 64 MP + 8 MP + 2 MP 

Öň kamera: 32 MP 

Batareýa: 4.100 mAh, 33W 

Operasion ulgamy: Android 10 

Birikdirme: 5G, goşa zolakly Wi-Fi, Bluetooth 5.0, 3,5 mm gulaklyk, GPS, goşa SIM, USB Type-C

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň