Turkmenportal logo
02.11.20
1488014880
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Altaý Döwlet pedagogiki uniwersiteti rus dili boýunça mugt onlaýn okuwlaryny geçirýär

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýty habar berýär.


Onda Altaý Döwlet pedagogiki uniwersitetniň binýadynda ( https://www.altspu.ru ) 15-nji noýabrdan rus dili boýunça:


  • «Daşary ýurt dalaşgärleri üçin rus dili: orfografiýa we punktuasiýa»;
  • «Daşary ýurt dalaşgärleri üçin rus dili: häzirki zaman edebi rus diliniň kadalary»;
  • «Daşary ýurt dalaşgärleri üçin rus dili: grammatika we tekst»

diýen üç kursdan ybarat umumy bilim maksatnamasynyň elýeter boljakdygy barada habar berilýär.


Diňleýji bolmak üçin 10-njy noýabra çenli belligä alyş formasyny doldurmaly.


Bellige alyş formasy, şonuň ýaly-da okuw baradaky maglumatlar ilçihananyň saýtynda.