Top.Mail.Ru

Arhiw

«Samsung» we «Sony» ABŞ-dan «Huawei» ygtyýarnamasyny aldy

17:3331.10.2020
0
834

«Reuters»  we «Financial Times» gazetleriniň habaryna görä, «Samsung we «Sony» şereketleri ABŞ-dan «Huawei»  kompaniýasy bilen söwda etmeklik üçin ygtyýarnama aldy.

«Samsung» şereketi babatynda bu ygtyýarnama diňe kompaniýanyň displeý önümçilik bölümi bolan «Samsung Display» üçin güýje girýär. 

«Sony» kompaniýasy bolsa, indi özüniň öndürýän kamera sensorlaryny ABŞ-dan alan ygtyýarnamasy bilen «Huawei» şereketine satyp biler.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda «Intel» kompaniýasy-da  ABŞ-dan «Huawei» şereketi bilen işleşmeklik üçin ygtyýarnama aldy. 

Ýöne, ABŞ-dan alnan bu ygtyýarnamalaryň «Huawei» şereketini näçe wagtlap aýaga galdyryp biljekdigi heniz belli däl.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň