Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky köp gatly awtoduralgalar we guşçulyk toplumy hususylaşdyrylar

23:4929.10.2020
0
9988

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan gurlup, ulanmaga berlen köp gatly awtoduralgalary hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça guşçulyk toplumy hususylaşdyrylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 29-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde bu barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet eýeçiligindäki desgalary göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak hakynda degişli Kararyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan gurlup, ulanmaga berlen köp gatly awtoduralgalary hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça guşçulyk toplumyny hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu sanawlardaky desgalara Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bellenen tertipde seredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat şäheriniň häkimliginiň köp gatly awtoduralgalaryny hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny hususylaşdyrmak hakyndaky» Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi. Milli Liderimiz bu ugurdaky işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Kararyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de E.Orazgeldiýewe degişli tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň