Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan saglyk meseleleri boýunça halkara wideoduşuşyga gatnaşdy

13:3429.10.2020
0
5527

GDA-nyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň saglyk pudagyndaky 32-nji mejlisi GDA agza ýurtlaryň jemgyýetçilik saglygy pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň iň möhüm meselelerini gün tertibine girizdi.

Wideoşekilli duşuşyga Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan ýaly döwletlerden we GDA-nyň dürli agentliklerinden wekiller gatnaşdy. Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleri Federasiýasy, GDA we Ýewraziýa döwletleriniň onkologiýa we rentgen radiologiýasy merkezleriniň we edaralarynyň direktorlar birleşigi hem bu duşuşyga wekilçilik etdi.

Geňeşiň agzalary COVID-19 bilen ýagdaýyň dinamikasy, görülýän çäreleriň täsiri we täze ýokançlyga garşy göreşde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi barada pikir alyşdylar. Duşuşykda Arkalaşygyň çäginde rak keseline garşy göreş, süýji keseliniň öňüni almak we bejermek boýunça hyzmatdaşlygy kadalaşdyrýan resminamalaryň ýerine ýetirilişinde, şeýle hem mikroblara garşy göreşmekde we zyýanly iýmit önümleriniň marketingini çäklendirmekde pudagara täsirleşmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Wideokonferensiýanyň ahyrynda Geňeşiň 2020-nji ýyldaky işiniň netijeleri jemlenip, 2021-nji ýyl üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy, Geňeşiň indiki mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň