Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: 21-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar

12:1626.10.2020
0
826

Tapgyryň umumy aýratynlygy:

Täze 2 golçy: Tapgyrda iki futbolçy ― «Merwden» Toýly Goçnazarow bilen «Altyn asyrdan» Şamämmet Hydyrow möwsümde ilkinji gezek tapawutlandy.

87 golçy: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 87-ä çykdy.

15 pökgi: Tapgyrda derwezelere 15 pökgi geçirildi. Mundan öň 8-nji we 10-njy tapgyrlar 15 pökgi bilen tamamlanypdy.

Üçünji orunda: Şeýlelikde, 21-nji tapgyr möwsümde iň köp pökgi geçirilen tapgyrlaryň arasynda üçünji orunda. Birinji orunda 20 gol geçirilen 14, ikinji orunda 17 pökgi geçirilen 16-njy tapgyr bar.

226 gol: Möwsümde geçirilen pökgüleriň sany 226-a çykdy.

 

 “Köpetdag” – “Merw” – 4:1

Gollar: 17 Elýas Akyýew, 50 Meýlis Diniýew, 57 (11 m.j.u.) Serdar Baýramow, 75 Yhlas Saparmämmedow ― 8 Toýly Goçnazarow.

Birinji aýlawda: 3:1.

Ikinji aýlawda: 1:0

Möwsüm boýunça: 8:2.

30 utukly dördünji topar: Bu ýeňişden soňra «Köpetdag» möwsümde 30 utuk gazanan dördünji topar boldy.

Ilkinji: Yhlas Saparmämmedow şu ýyl iki toparyň düzüminde tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy. Ol möwsümdäki ilkinji pökgüsini 3-nji tapgyrda «Ahalyň» düzüminde oýnaýarka geçiripdi.

«Merwde» ikinji: «Merwiň» düzüminde Ýokary ligadaky 29-njy pökgüsini geçiren Toýly Goçnazarow topar bilen 2013-nji ýyldan bäri çempionatda iň köp tapawutlanan futbolçylaryň arasynda ikinji orna çykdy. Birinji orunda 42 pökgi bilen Begenç Alamow, üçünjilikde bolsa 28 pökgi bilen Tirkiş Muhammetberdiýew bar.

Täze «Köpetdagyň» 40-njy golçusy: Yhlas Saparmämmedow 2016-njy ýylda Ýokary liga gelen «Köpetdagyň» düzüminde çempionatda tapawutlanan 40-njy futbolçy boldy.

3 pökgüsi hem «Merwe»: Meýlis Diniýew şu ýyl «Köpetdagyň» «Merw» bilen geçiren üç duşuşygynda hem tapawutlandy. Ýeri gelende aýtsak, şu möwsümde 3 gol geçiren futbolçy şolaryň ählisini «Merwiň» derwezesine geçirdi.

 

 “Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 1:2

Gollar: 72 Umytjan Astanow ― 56 Altymyrat Annadurdyýew, 90+1 Şamämmet Hydyrow.

Birinji aýlawda: 1:0

Ikinji aýlawda: 0:7

Möwsüm boýunça: 2:7.

50 utukly ilkinji topar: Bu netijeden soňra «Altyn asyr» möwsümde 50 utuk toplap bilen ilkinji topar boldy. «Aragatnaşykçylaryň» häzir 52 utugy bar.

Bassyr dört tapgyr bäri: Altymyrat Annadurdyýew Ýokary liganyň soňky dört tapgyrynyň ählisinde tapawutlandy.

23-nji gol: Möwsümiň iň netijeli futbolçysy 23-nji pökgüsini geçirdi.

Şahsy rekord: Bir möwsümde geçirilen 23 pökgi Altymyrat Annadurdyýewiň şahsy rekordydyr. Hüjümçi Ýokary ligadaky ilkinji möwsüminde ― 2015-nji ýylda «Ahalyň» düzüminde 22 pökgi geçirip bilipdi.

Ilkinji onlukda: Ýokary ligada «Nebitçiniň» düzüminde 15-nji pökgüsini geçiren Umytjan Astanow 2013-nji ýyldan bäri topar bilen çempionatda iň köp tapawutlananlaryň ilkinji 10-lugyna girdi. Ýöne ol 10-njy orny Aleksandr Boliýan we Ýewgeniý Tkaçenko bilen paýlaşýar.

Üç duşuşykda üç gol: Altymyrat Annadurdyýew şu toparynyň «Nebitçi» bilen geçiren üç duşuşygynda üç gezek tapawutlandy.

 

 “Aşgabat” – “Ahal” – 1:2

Gollar: 77 Nazar Towakelow ― 58 Guwanç Abylow, 67 Pirmyrat Sultanow.

Birinji aýlawda: 2:4

Ikinji aýlawda: 0:5

Möwsüm boýunça: 3:11.

10-njy utulyş: «Aşgabat» möwsümde 10-njy gezek utuldy. Ýeri gelende aýdylmaly bolsa, paýtagtyň adybir toparynda şu ýyl 5 ýeňiş bilen şonça-da deňlik bar.

Ilkinji bäşlikde: Möwsümdäki altynjy pökgüsini geçiren Nazar Towakelow möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ilkinji bäşlige girdi.

80-nji gol: Biziň şahsy hasaplamalarymyza görä, Guwanç Abylow 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligadaky 80-nji pökgüsini geçirdi. Ol çempionatda şol möwsümden bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň arasynda Mämmedaly Karadanow bilen altynjy orny paýlaşýar.

 

 “Energetik” – “Şagadam” – 0:4

Gollar: 16 Hemra Amanmämmedow, 26 Yhlas Magtymow, 41 Ýewgeniý Tkaçenko, 62 Musa Nurnazarow.

Birinji aýlawda: 0:1

Ikinji aýlawda: 0:7

Möwsüm boýunça: 0:12.

30-njy gol: Duşuşykda Ýewgeniý Tkaçenkonyň geçiren goly «Şagadamyň» şu möwsümdäki 30-njy goludyr.

30 golly üçünji topar: Şeýlelikde, «Şagadam» möwsümde garşydaş derwezelere 30 pökgi geçirip bilen üçünji topar boldy. «Şagadamdan» ýokarda «Ahalyň» 37, «Altyn asyryň» 57 goly bar. 30 golluk sepgide indiki iň ýakyn topar bolsa 21 duşuşykda 23 pökgi geçiren «Köpetdagdyr».

Üçünjiligiň ýeke-täk eýesi: Möwsümdäki 9-njy goluny geçiren Yhlas Magtymow iň netijeli futbolçylaryň sanawynda üçünji ornuň ýeke-täk eýesi boldy.

Üç duşuşykda dört gol: Şu ýyl toparynyň «Energetik» bilen geçiren duşuşyklarynyň ählisinde pökgi geçiren Yhlas Magtymow şol üç duşuşykda dört gezek tapawutlandy. Bu ýagdaý futbolçynyň möwsümdäki gollarynyň tas deň ýaryny «Energetigiň» derwezesinden geçirendigini görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň