Italiýaly meşhur tälimçi Marçelo Lippi professional karýerasyny tamamlandygyny habar berdi. 72 ýaşly hünärmen “Radio Sport”-a beren beýanatynda: “Tälimçiligi ymykly ýagdaýda taşlaýaryn. Ýöne futbolyň içindäki beýleki işlerde işläp bilerin” diýip çykyş etdi. Karýerasy boýunça Italiýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Hytaýyň milli ýygyndysyna tälim beren Lippi olaryň birinjisi bilen 2006-njy ýylda Dünýä Kubogyny gazanypdy. 1982-nji ýylda özüniň ençeme ýyllap köýnekçesini geýen topary “Sampdoriýanyň” ýaşlar düzüminde tälimçilige başlan Lippi soňlugy bilen, “Siena”, “Çezena”, “Luççeze”, “Atalanta”, “Napoli”, “Ýuwentus”, “Inter” hem-de Hytaýyň “Guangžou Ewergrand” klublaryna tälim berdi. 1996-njy ýylda “Ýuwentusa” Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandyran Lippi turinlileri 2 gezek “Serie A” çempionlygyna-da ýetirdi. Lippi tälimçilik karýerasynda 995 duşuşyk geçirdi.
