Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

23:1701.10.2020
0
4986

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahaty Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütlere bagyşlandy.

Duşuşyga daşary syýasat edarasynyň, dürli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda wekilçilikli forumyň ýurdumyzda parlamentarizmiň taryhynda täze tapgyryň bolandygy nygtaldy. Forumda iki palataly parlamenti döretmek hakyndaky çözgüt kabul edildi. Sözüň doly manysynda, gürrüň döwrüň, syýasy, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik ýagdaýlarynyň talaplaryna laýyklykda, giň möçberli konstitusion özgertmeler barada barýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Konstitusiýany täzelemegiň wajypdygyna ünsi çekdiler. Munuň esasy manysy häzirki döwürde hem-de uzak möhletli geljekde türkmen milli döwletliligini ösdürmek üçin zerur bolan täze konstitusion-hukuk esaslaryny kemala getirmekden ybaratdyr.

Metbugat maslahatyna gatnaşyjylaryň pikirine görä, halkara tejribäni hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda jemgyýetde gazanylan üstünlikleri nazara almak bilen amala aşyrylýan we umumymilli forumda kabul edilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň dabaralanmasyna öwrüldi. Olar özygtyýarly, Garaşsyz, Bitarap, hukuk, demokratik we dünýewi döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň ösüşi babatda Türkmenistanyň halkynyň seçip alan ýolunyň hukuk binýadyny döretmegiň özboluşly tapgyryny alamatlandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň