Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň täze ilçisi akkreditirlendi

20:5709.02.2020
0
666

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonso bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda, Ilçini jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ähli ulgamlarda bilelikde hereket etmäge hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasyny goldamaga taýýardygyny beýan edildi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle-de taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem-de dürli ulgamlarda gatnaşyklary kämilleşdirmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşigi öz ilçihanasyny 2019-njy ýylda Aşgabatda açypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň