Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Türkmenabat şäherine geldi

10:0230.09.2019
0
18156

28 ― 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko dogduk şäheri Türkmenabada geldi.

Şäheriň Halkara howa menzilinde ony şäheriň ýolbaşçylary we köp sanly ýaşaýjylary, duz-çörek, ter gül desseleri bilen garşyladylar. Soňra myhman şäher häkimliginde kabul edildi.

Bu ýerde geçirilen duşuşykda O.Kononenko özüniň Türkmenabat şäheriniň Merkezi etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýyny şäher ilatyna sowgat berýändigini aýtdy. Şäheriň ýolbaşçylary bolsa bu jaýy kosmonawtyň öz muzeýine öwürmegi teklip etdiler. Myhman bu teklibi tolgunma bilen kabul etdi.

Gysga wagtlyk saparynyň çäginde Türkmenabada aýlanyp gören myhman 15-nji orta mekdebe hem baryp gördi. Ol bu ýerde orta bilimi alypdy. Mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary bilen bolan duşuşyga kosmonawtyň synpdaşlary hem gatnaşdylar. Bu duşuşyk diýseň täsirli boldy. Okuwçylaryň älem giňişligi, ondaky ýaşaýyş barada beren sowallaryna kosmonawt ýörite wideo we suratly görnüşler arkaly jogap berdi.

Düýn Türkmenabat ― Aşgabat howa gatnawy arkaly myhman paýtagta dolanyp geldi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň