Şahyr Akmyrat Hojanyýazowyň täze kitaby çapdan çykdy

17:0407.06.2019
0
4190

Ýakynda şahyr hem publisist Akmyrat Hojanyýazyň «Watan hakynda aýdym» atly täze goşgular ýygyndysy çapdan çykdy - diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Birnäçe kitabyň awtory, döwürleýin metbugatda yzygiderli çykyş edip, köp ýyllardan bäri okyjylaryň söýüp okaýan şahyryna öwrülen A.Hojanyýazyň täze goşgular we poemalar kitaby onuň kyrk ýyllyk döredijilik işiniň agramly bölegini öz içine alýar. Kitaba girizilen goşgularda Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän beýik işlerine buýsanç, watançylyk, durmuş, söýgi, adamlaryň umyt-arzuwlary ýaly inçe duýgular hakynda söz açylýar. Şahyryň Watan, berkarar döwlet, bagtyýar döwür hakda ýazýan setirleriniň owazy has-da belent ýaň­lanýar. Şahyr ýüreginiň päkize duýgusyna ýugrulan goşgular okyjylara gaýtalanmajak ruhy lezzet paýlap, olary öz yzy bilen Watan atly mukaddes mekana seýle çagyrýar, ene-atanyň hormaty, çagalaryň ezizligi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dowamata ulaşýan ruhy ýörelgesi, söýgi atly ajaýyp duýgular dogrusynda öz okyjysyna gürrüň berýär.

5 müň nusgalykda çapdan çykan täze kitap «Ýurdum, beýik Ogluň bar!», «Öz ýurdum», «Dolanmak», «Di­ňe söýgi bilen...», «Dünýäniň işi», «Kiçijik goşgular», «Ýa, Jelil!» atly bölümlerden ybarat bolup, olarda şahyryň dürli ýyllarda ýazan goşgulary ýerleşdirilipdir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň