Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy tassyklanyldy

23:2301.02.2019
0
13272

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady. Bu strategik resminamanyň kabul edilmegi bilen milli Liderimiziň köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry başlandy.
Bellenen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2019-njy ýylda 6,3 göterime, 2025-nji ýylda bolsa 8,2 göterime ýetirilmegi göz öňünde tutuldy. Şol döwre çenli jemi içerki önümiň düzüminde senagat pudagynyň tutýan paýy 33,8 göterime, oba hojalyk pudagynyňky 8,9 göterime, gurluşyk pudagynyňky 11,5 göterime we hyzmatlar ulgamynyňky 45,8 göterime deň bolar.
Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, önümçiligiň depginli ösüşi täze ýokary sepgitlere çykmaga mümkinçilik berer, ähli pudaklaryň kämilleşdirilmegi, dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirleri we innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, şolaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy arkaly üpjün ediler.
Ýurdumyzyň senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň güýçlendirilmegi, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyň artdyrylmagy, milli nyşanly önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegi ýerli çig mal serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň hasabyna, şolary gaýtadan düýpli işlemek hem-de ýokary goşulan bahany döretmek arkaly üpjün ediler. Şunda diňe bir daşyndan getirilýän harytlardan hil babatynda pes bolmadyk ýokary hilli önümleriň öndürilmegi ileri tutulmalydyr.
Ýediýyllyk maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary, şeýle hem çäk mümkinçilikleri, geosyýasy ýagdaýlary bilen şertlendirilen heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriniň hem-de artykmaçlyklarynyň herekete girizilmegi, bazar gatnaşyklary şertlerinde hereketlendiriji güýç hökmünde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de serhetdeş döwletleri birleşdirýän ýörite ykdysady zolaklaryň hem-de ykdysady geçelgeleriň, daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçiligi bolan ösen ulag-logistika düzümli senagat ulgamlarynyň we senagat toplumlarynyň ösdürilmegine ýardam eder.
2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň maýa goýumlaryna esasy serişdeler 229,3 milliard manat möçberinde meýilleşdirildi. Şonuň 91,3 göterimi ýa-da 209,2 milliard manady önümçilik ulgamyna gönükdiriler, bu bolsa täze kärhanalaryň hem-de iş orunlarynyň döredilmegini höweslendirer.
Geljekde bölek haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokary depginde ösdürilmegine garaşylýar, bu, bilermenleriň hasaplamalaryna görä, 2025-nji ýylda 81 milliard manada barabar bolar, şunda 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 29,1 göterime (62,7 milliard manada) deň bolar. Bölek haryt dolanyşygynda döwlete dahylsyz bölegiň paýy 91 göterime ýetiriler.
Täze Prezident maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylda ýurdumyzda ilatyň köp sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň mukdary pul görnüşinde 16,1 milliard manada barabar bolar hem-de 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 22,2 göterim (13,2 milliard manat) artdyrylar.
Şeýle hem maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe daşary söwdanyň umumy möçberi 135,2 milliard amerikan dollaryna, şol sanda onuň eksport ugry 84,1 milliard amerikan dollaryna, importy 51,1 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Bu resminamany işläp taýýarlan bilermenleriň geçen ýyllaryň statistiki maglumatlarynyň ösüşine, çaklama görkezijilerine hem-de söwda gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyna salgylanyp aýtmaklaryna görä, daşary söwda dolanyşygynyň arasyndaky meýilleşdirilen görkezijiniň tapawudy, her ýyl üpjün ediler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýyla çenli Maksatnamasynda täze desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermegiň möhletlerine gaýtadan seredilip, olaryň kesgitli sanawy düzüldi, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Şeýlelikde, 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzyň sebitlerinde 13 hassahana, 20 saglyk öýi, 163 mekdebe çenli çagalar edaralary, 201 umumy bilim berýän orta mekdep, 16 medeniýet öýi, 11 suw arassalaýjy desga, 13 lagym arassalaýyş desga, şeýle hem umumy meýdany 1896,4 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary gurlar.
Şeýle hem 17 hassahanany, 22 saglyk öýüni, 2 çagalar bagyny hem-de bir medeniýet öýüni döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýokarda görkezilen maksatlar üçin esasy maýa goýumyna 9976,7 million manat maliýe serişdesi, (şol sanda Ahal welaýaty boýunça 1944,3 million manat, Balkan welaýaty boýunça 1244,1 million manat, Daşoguz welaýaty boýunça 2907,3 million manat, Lebap welaýaty boýunça 1851,3 million manat we Mary welaýaty boýunça 2029,7 million manat) möçberinde maliýe serişdelerini goýbermek göz öňünde tutuldy.
Ykdysadyýetiň pudaklary boýunça durmuş maksatly we önümçilik desgalarynyň ýedi ýylyň dowamynda gurulmagy hem-de esasy önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň sanawy düzüldi. Bu pudakda döwlete dahylsyz bölege degişli, şol sanda oba hojalyk we senagat maksatly 134 desga göz öňünde tutulandyr.
Pudaklaýyn maksatnamalary amala aşyrmak üçin binýat bolup durýan täze Prezident maksatnamasynyň toplumlaýyn häsiýeti, şeýle hem özleriniň ýöriteleşdirilen ugurlary boýunça ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin hereketleriň kesgitli meýilnamasyny öz içine alýandygyndan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň