Turkmenportal logo
11:54
3980639806
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2024-2025-nji ýylyň güýz we gyş möwsüminiň esasy 15 trendi
2024-2025-nji ýylyň güýz we gyş möwsüminiň esasy 15 trendi

Moda dünýäsi hiç wagt bir ýerde duranok. Onda her möwsüm täze tendensiýalary getirýär hem-de köne stilleri gaýtadan meşhurlyga eýe edýär. Bu hut 2024-2025-nji ýyllaryň sepgidiniň güýz-gyş möwsümi babatda hem şeýle häsiýete eýe boldy. Bu möwsümde moda dünýäsi klassika bilen döwrebaplygyň täsin utgaşmasyny hödürleýär. Şundan ugur alyp, ýakyn geljekde moda landşaftyny döretjek täze esasy trendlere nazar aýlalyň.


Ellikler uniwersal aksessuar hökmünde


Ellikler indi garderobda durýan zat däl diýibem bolar. Dünýä trendine seretseň, ýetip gelen möwsümde olary diňe bir üstki egin-eşikler bilen däl, eýsem köýnekler, toplar we penjekler bilenem birleşdirip bolýar. Olaryň torly görnüşinden başlap, deri görnüşine çenli dürli stil bilen utgaşdyryp görüň.


Ýaşyl — möwsümiň reňki


Garaşylmadyk ýagdaýda möwsümiň iň ýörgünli reňki hökmünde ýaşyl reňk saýlanyldy: hakiden başlap, narpyz ýaşyla çenli. Ol geýimlerde, esbaplarda we hatda aýakgaplarda-da örän trende görä görüner.


Dyza çenli bolan ýubkanyň gaýdyp gelmegi


Owadanlyk öwüşgini ýene modanyň sahnasynda. Uzynlygy dyza çenli bolan ýubkalar kadaly stil bilen duýgyny özünde birleşdirmek bilen, iň islegli geýimleriň birine öwrülýär.


Daraldylan göwrüm


Dizaýnerler bu gezek ýene-de dykyz materiallardan taýýarlanylan nusgany hödürläp, ýene-de zenan geýim stiline ýüzlendiler.


Sütük bezeg elementi hökmünde 


Sütük, ýagny ýüň deri indi diňe bir üstki eşikleri däl, eýsem sumkalary, aýakgaplary, köýnekleri we hatda penjekleri hem bezär.


Köýneklerdäki çözgütler


Göwräniň garyn bölegini açmaga ähmiýet berýän dünýä modasy şu hili stilde taýýarlanylan köýnekleri möwsümiň garaşylmadyk tendensiýasyna öwürdi.


Islendik zatda — deri


Deriden taýýalanylan eşikler dürli görnüşleri we stilleri hödürlemek bilen, meşhurlygyň belent derejesinde saklanýar.


V-göwrümli görnüş


Bu element islendik görnüşe zenan özboluşlylygyny we nepislik goşýar.


Ýaýbaň biçüwli jalbarly penjekler 


Bu hili ýaýbaň oturýan penjeklerde rahatlyk we stil sazlaşykly utgaşýar.


Gara — müdimilik klassika


Gara reňk fakturalaryň kontrastynda oýnamak bilen, iň gowy çözgütligini saklaýar.


Reňkli kolgotkalar


Ýagty reňkli kolgotkalar ýörgünli aksessuar bolmagyny dowam etdirýär.


Midi uzynlygy


Ajaýyp midi uzynlygy köýneklerde we ýubkalarda ýene-de beýanyny tapýar.


Gysga biçüwiň gaýtadan modada


2000-nji ýyllaryň tendensiýasy bolan gysga biçüw garşylyklaýyn pikirleri döredýän hem bolsa, ýene-de modanyň sahnasynda.


Gülli şekilleri


Gül nagyşlary indi diňe bir tomusda däl, eýsem sowuk möwsümde-de ýörgünli bolar.


Trikotaž we köp gatlylyk


Trikotaž önümleri sazlaşygyň we geýim gatlylygynyň täze görnüşlerini hödürlemek bilen, ýende-de trendligine galýar.


Bu trendler täze möwsümde geýinmäge ähmiýet berýän her bir adama özüne mahsus stilini tapmakda garderobyň geýimlerini möwsüme görä saýhallamaga, döwre görä geýinmäge mümkinçilik berýär.


Peýdalanylan çeşmeler: www.marieclaire.ru


Şeýle-de okaň: