Turkmenportal logo
22.07.23
3610336103
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tagamyň syry: işdäaçary taýýarlamagyň düzgünleri we onuň adaty goşundylary

Işdäaçaryň goşundylary — bu edil tortuň üstünde goýulýan ülje mysalydyr, ol sowuk tagamyň ahyrky süýjüligi ýalydyr. Dogry taýýarlanan sous işdäaçaryň hakyky tagamyny görkezer we adaty hasap edilýän maddalara-da täzeçe öwüşgin berer.


Ajaýyp goşundyny nädip taýýarlamalydygyny öwrenmek üçin birnäçe ýönekeý düzgünleri bilmeli.


Goşundy esasy, goşmaça komponentlerden, spesiýalardan we «gizlin» ingredientlerden ybaratdyr.


Goşundynyň esasy hökmünde şular alynýar:


  • ösümlik ýagy. Zeýtun we günebakar işdäaçarlaryň köpüsi üçin bolar, künji — Gündogar we Aziýa işdäaçarlary üçin, gorçisaly — gök we bakja önümlerden taýýarlanýan işdäaçarlar üçin amatlydyr;
  • sirke;
  • tokaý miweleriniň ýa-da sitrusyň şire suwlary.

Işdäaçaryň düzümini göz öňünde tutup goşmaça komponentler saýlanýar:


gorçisa — işdäaçar üçin iň gowsy munuň dänelisini saýlamakdyr. Ol sousyň tagamyny, ýakymlylygyny berýär we has goýaldýar. Etli, gök önümli we otly işdäaçarlar üçin hem amatly;


ary baly — işdäaçarlary guradylan, gowrulan ýa-da kakadylan et, ysly peýnir, hoz we rukkolo bilen üpjün edýär;


maýonez, ýogurt ýa-da gaýmak — etli, gök önümli we balykly işdäaçarlar üçin. Gaýmakly ýa-da ýogurtly goşundy üçin ýag goşulmaýar.


Spesiýalar


Esasy bilmeli zat — spesiýalary goşmagy ýatdan çykarmaly däldir. Esasanam, özboluşly ysy bolan işdäaçarlar taýýarlananda. Işdäaçarlar üçin haýsy spesiýalar laýyk:


duz;


gara täze owradylan burç;


ter otlar (ukrop, petruşka, silantro, reýhan);


koriandr — gaýnadylan gök önümli işdäaçarlar üçin;


hoz — gaýnadylan gök önümli we etli işdäaçarlar üçin;


zenjebil — Aziýa işdäaçarlary, şeýle hem towuk we täze gök önümler üçin;


maýoran ýa-da oregano ýaly guradylan dogralan ösümlikler.


«Gizlin» ingrediýent / izýuminka


Bu komponenti saýlamak öz islegiňe we fantaziýaňa baglydyr. Işdäaçaryň «izýuminkasyny» barlap görüp hem bolar. Oňa şulary goşmak bolar:


gyrylan peýnir;


gök önümli, balykly we kerkawly işdäaçarlar üçin zeýtun;


peýnirli we gök önümli işdäaçarlar üçin dogralan hoz;


zygyr çigitleri gök önümli işdäaçarlar bilen laýykdyr (esasanam, pomidor we otlar bilen);


gowrulan künji;


nar;


çili burçy;


gaýnadylan ýumurtganyň sarysy;


miweler. Mysal üçin, malina ýaşyl noýba, täze işdäaçar, rukkolo, pomidorly işdäaçarlar üçin amatlydyr.



Surat: pixabay.com


Goşundyny nädip dogry taýýarlamaly:


birmeňzeş massa almak üçin ýagy we kislotany garmaly;


goşundynyň işdäaçar bilen nähili garyşjakdygyny bilmek üçin ony ýaprakly ýa-da gök önümli işdäaçar bilen synap görüň;


goşundyny işdäaçara naharyň ýany bilen alynmazyndan öňinça goşsaň gowy bolar. 


Käbir ýönekeý işdäaçar goşundylarynyň reseptleri:


Klassiki (uniwersal) goşundy resepti: 3 nahar çemçesi ösümlik ýagy, 1 nahar çemçesi kislota (sirke ýa-da şire), islege görä duz we burç.


Fransuz goşundysy. Ownuk sarymsaklary garyň, 1 çaý çemçesi däneli gorçisa, 2 nahar çemçesi sirke, 6 nahar çemçesi zeýtun ýagy, duz we täze owradylan gara burçy garyň;


Ýogurtly. 6 nahar çemçesi gatyk, 2 nahar çemçesi limon suwy ýa-da sirke, 1 nahar çemçesi zeýtun ýagy, duz we täze owradylan gara burçy goşuň;


Limonly. 6 nahar çemçesi zeýtun ýagyny, 1 ortaça ululykdaky limonyň suwuny, duzy we täze owradylan gara burçy goşuň;


Ýumurtgaly. 2 sany ýeterlik gaýnadylan ýumurtganyň sarysyny bişirmeli. Bir diş ownuk sarymsak, 2 nahar çemçesi gorçisa, 2 nahar çemçesi limon suwy, 100 ml zeýtun ýagy, duz we täze owradylan gara burç goşuň;


Maýonez goşundysy. 100 gram maýonez, 2 diş dogralan sarymsak, 1 çaý çemçesi limon suwy, duz we burç. Işdäaçara baglylykda ukrop otuny hem goşmak bolýar.

Peýdalanylan çeşmeler: zira.uz


Şeýle-de okaň: