Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä tejribesi: hojalyk zyňyndylaryny näme etmeli

0
33315

Bütindünýä bankynyň getirýän maglumatlaryna laýyklykda, Ýer ýüzi uly müşgillikleriň bosagasynda dur. 2016-njy ýylyň statistik maglumatlaryna görä dünýä ýüzünde 2,01 milliard tonna gaty görnüşli zyňyndy emele gelipdir, bu bolsa adam başyna her günde 0,74 kilogram möçberden düşýär diýmekdir. Bu babatda ösen ýurtlarda üç R — reduce, reuse and recycle ( sarp edişiň mukdarynyň azaldylmagy, köp gezeklik ulanmak we gaýtadan işlemek) maksatnamasy hereket edýär.

Bu üç ýörelgä esaslanmagyň netijesinde adamlar sarp edilýän önümleri büs-bütinleý zyňmagyň ýerine olary gaýtadan ulanmaga ýa-da zibilleri aýrybaşgalaşdyrmagy öwrenip bilerler.

Geliň, dünýäniň 8 ýurdunyň mysalynda zibilleri zyňmak babatda ýerine ýetirilýän işler, has takygy dünýä tejribesi bilen tanyş bolalyň.

Germaniýa — täsirli ulgam: azyk galyndylary aýratyn ýygnalýar, plastik, paket, kagyz hem-de karton zyňyndylary üçin bolsa ýörite gutular goýulýar.

Fransiýa — zibilleriň bölekleýin toplanylmagy we has çuňňur aýrybaşgalaşdyrma işleri. Munda uly göwrümli zatlar aýratyn zibil nokatlaryna alyp gidilýär (düzgüniň bozulmagy uly möçberdäki jerimä eltýär); abatlamak üçin ýörite ýerleriň döredilmegi we hojalyk tehnikalaryndan oýunjaklara çenli dürli harytlaryň gaýtadan satylmagy, plastikleriň alternatiw materiallar bilen çalşylmagy.

Italiýa — dürli hili zyňyndylary ýygnamak üçin ýörite gaplar goýlan. Rimde we Neapolda bolsa bu ýagdaý örän çylşyrymly bolup, bu ýere gelýän syýahatçylaryň köp bolmagy bilen zibil gutulary birnäçe günläp dolup durýar.

ABŞ — bu ýerde her ýylda 250 million tonna çenli zyňyndy artýar. Munuň üçin bolsa şu hili çäreler ulanylýar: ýörite konteýnerleriň kömegi bilen aýratyn ýygnamak, raýatlary bankalary we çüýşeleri tabşyrmaga höweslendirmek. Giň gerimde iş alyp barýan supermarketler bir gezeklik plastik haltalary satmakdan ýüz öwürýärler we olary kabul etmek üçin ýörite gaplary goýýarlar.

Kanada — daşky gurşawy goramak meseleleri bu ýerde 40 ýyl mundan öň ösdürilip başlandy. Kanadada ähli galyndylaryň 50%-i gaýtadan işlenilýär. Ýurtda aýratyn-da az galyndy we galyndysyz önümçilik tehnologiýalary işjeň ösdürilýär. Kanada daşky gurşawy hapalaýan plastmassany ulanmakdan ýüz öwürýär. Ýurtda galyndylary ýygnamak örän ýokary derejede bolup, munuň üçin ýurduň her bir maşgalasy ýylda ortaça 88 dollar töleýär.

Ýaponiýa — bu ýurt geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri zyňyndylary aýrybaşgalaşdyrmak işlerini ösdürip gelýär. Hojalyk galyndylarynyň bir bölegi ýakmak üçin iberilýär. Umuman, ýurtda galyndyny gaýtadan işleýän 1150 sany zawod hereket edýär. Zyňyndylary aýrybaşgalaşdyrmak ulgamy ýapon medeniýetiniň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi diýen ýaly.

Hytaý — ýurtda önümçiligiň mukdarynyň örän ýokary derejede bolmagy, şeýle-de ilat sanynyň iň ýokary görkezijä eýe bolmagy hapalaryňdyr zyňyndylaryň köp bolmagyna sebäp bolýar. 2009-njy ýylda senagat galyndylaryny zyňmak düzgünlerini ýerine ýetirmek üçin ýurtda ýörite Kanun kabul edildi, emma ol häzire çenli şäherleriň töweregindäki uly göwrümde ýygnalýan zibilleriň mukdarynyň azalmagyna netijeli täsirini ýetirip bilmeýär. Bu meseleler babatda hatda plastik çüýşeleri ýygnamak üçin ýörite maşynlar hem işleýär we her bir gap üçin hytaýlylar kart hasabyna az mukdarda pul alýarlar. Daşky gurşawyň ösüp gelýän howplary sebäpli Hytaý ABŞ-dan we Ýewropa ýurtlaryndan galyndylary import etmekden hem ýüz öwürdi, indi ikinji derejeli çig mal ýurduň içindäki artýan galyndylardan öndürilýär.

Hindistanbu ýurtda ýylda 62 million tonna zibil galyndysy döreýär. Galyndylary aýrybaşgalaşdyrmak we gaýtadan işlemek ulgamy ýeterlik derejede ösmedik we üýşýän ummasyz mukdardaky zibiller üçin ýer tapylanok. Bu ýerde aýallar we çagalar plastmassa, eşikler, galyndy kagyzlary ýaly zyňyndylary ýygnap, soňra bolsa satyjylara tabşyrýarlar.

Galyndylaryň mukdaryny azaltmak üçin her birimiz sarp edýän artykmaç galyndylarymyzy azaldyp başlamaly. Has ýerlikli sarp edişe geçmek işlerini dessine ýerine ýetirip bolmaýar, ýöne Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarybu babatda tebigaty goramaga bolan çemeleşme endiklerini günsaýyn kämilleşdirip bilerler.

Arassaçylyk hyzmatlary pudagynda öýlere gelip gerekmejek galyndy zibilleri alyp gidýän kärhanalaryň ýüze çykmagy raýatlar üçin örän peýdaly işleriň hataryna girýär.

Türkmenistanda bu hyzmaty ýetirmekde, ýagny raýatlaryň öýlerine baryp her günde zibillerini alyp gidýän hyzmatlar kärhanasy hökmünde “Ussat kömekçi” kärhanasy giň gerimde işini ýola goýdy. Kärhananyň ýetirýän hyzmaty häzirki wagtda çaga rugsadyndaky zenanlar, işli we saglyk ýagdaýy sebäpli gündelik zibilleri dökmäge gurbaty bolmadyk adamlar tarapyndan giňden peýdalanylyp başlady.

Bu hyzmaty ýaşuly adamlar üçin sargyt etmek has-da ýerlikli bolup, olaryň artykmaç işlerini azaldar. Hyzmatyň aýlyk tölegi 50 manada deňdir.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 62) 14 70 12, (+993 61) 28 47 66, (+993 65) 41 53 89.

Peýdalanylan çeşmeler: news.rambler.ru; ekofriend.com; zen.yandex.ru; trends.rbc.ru; bezothodov.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar