„Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan“ gaz geçirijisi: bähbitleriň utgaşýan ýeri

0
1806
43
0

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Döwletimizde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryň bardygyna garamazdan, biz „Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan“ gaz geçirijisiniň taslamasyny we türkmen tebigy gazyny Ýewropa ýurtlaryna ibermek bilen bagly taslamalary durmuşa geçirenimizden soň, uglewodorod serişdelerini daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça alyp barýan işlerimizi tamamlarys“diýen sözleri ýurduň çäginden çykýan islendik gaz geçiriji bilen birlikde, 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda gurluşygyna badalga berlen „Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan“ gaz geçirijisiniň hem tutýan ornuny kesgitläp berýär.

Bu gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy, takmynan 1814 km deň bolup, onuň 214 kilometri Türkmenistanyň, 744 kilometri Owganystanyň, 826 kilometri hem Pakistanyň çäginden geçip, ol Owganystanyň Hyrat hem Kandagar we Pakistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň üsti bilen, Hindistanyň Fazilka atly ilatly nokadyna eltiler.

Transmilli gaz geçirijisi bolan „Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan“ (TOPH) gaz geçirijisiniň halkara syýasy ähmiýeti hem diýseň uly bolup, ol goňşy Owganystanyň içinde syýasy durnuklylygy üpjün etmäge hem öz oňyn täsirini ýetirer. Bu taslamanyň oňa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýetine ýetirjek oňyn täsiri bolsa, bimöçberdir, sebäbi, häzirki zaman şertlerinde tebigy gaz ekologiýa taýdan arassa, arzan energiýa çeşmeleriniň biri bolmak bilen, ol sözüň doly manysynda, islendik ýurduň ykdysadyýetini herekete getiriji güýçdür. Kuwwaty ýylda, takmynan 33mlrd. m³ tebigy gaza deň boljak bu gaz geçirijisi sebitiň tutuş strategiki ösüş meyilnamalarynda hem öz ornuny eýelär. Sebäbi, halkara energetika ulgamyna täze sebitleriň, täze bazarlaryň çekilmegi senagatyň, söwdanyň ösmegine, maýa goýumlaryň artmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Türkmenistan her bir işde bolşy ýaly bu taslama hem diýseň jogapkärli çemeleşýändigini turuwbaşdan subut etdi. Eýýam geçen ýylyň dekabr aýyna çenli „Galkynyş“ gaz käninden Owganystan bilen araçäge çenli aralykda tehniki we geologiki barlag işleri geçirildi. Bu işleri amala aşyrmak üçin iň täze inoowasion tehnologiýalardan peýdalanyldy. Netijede, turba geçirijiniň ugry boýunça ýerasty suwlaryň derejesi anyklanyldy, toprak nusgalary alnyp, olaryň çyglylygy, dykyzlygy we beýleki fiziki hem mehaniki häsiýetleri öwrenildi.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň halkara bazarlaryna eltilmeginiň ygtybarlylygyna ähli ýurtlar üçin durnukly ösüşiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Bu „Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan“ halkara gaz geçirijisi babatda hem şeýledir. Halkara energetika giňişliginde öz doly hukukly işine başlajak bu taslama diňe bir ykdysady tarapdan däl, geosyýasy tarapdan hem bähbitleriň utgaşýan ýerine öwrüler. Bu bolsa, birnäçe ýyl bäri zerurlygy barada esasly gürrüň edilýän bu taslamanyň ähmiýetini hasda artdyrýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru