TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginde kebşirlemek işleri başlandy

0
1587
0
0

TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginde kebşirlemek işleri başlandy. Bu işi gurluşygyň baş potratçysy bolan «Türkmennebitgazgurluşyk» Döwlet konserniniň «Marynebitgazgurluşyk» tresti ýerine ýetirýär. Kebşirlemek işleri bilen bir wagtda, gaz geçirijiniň gapdaly bilen geçiriljek awtomobil ýolunyň hem gurluşygy dowam etdirilýär.

Öň bellenilip geçilişi ýaly, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň 214 kilometre barabar bolan türkmen bölegini gurmaklygy Türkmen Lideri «Türkmennebitgazgurluşyk» hem-de «TAPI Pipeline Company Limited» halkara konsorsiumynyň liderligine saýlanan «Türkmengaz» Döwlet konsernlerine tabşyrypdy. «Türkmengaz» DK turbageçirijiniň gurluşyk, maliýe hem-de ulanyş meselelerini düzgünleşdirýär.

Halkara gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň depginini has hem ýokarlandyrmak maksady bilen, potratçy kärhanalar gaz geçirijiniň 75 kilometre barabar bolan başlangyç bölegini alty bölege bölüp gurýarlar. Bu bolsa öz gezeginde turbalary sepleşdirmek we olary kebşirlemek işlerini birnäçe tapgyr bilen amala aşyrmaklyga mümkinçilik berýär. Gurluşyk işlerini alyp barmagyň şu hili tehnologiýasyny türkmen hünärmenleri «Gündogar-Günbatar» sebit gaz geçirijisiniň, şeýle hem beýleki gaz geçiriji ulgamlaryň gurluşygynda üstünlikli özleşdirdiler.

Gaz geçirijiniň Owganystanyň serhetlerine çenli dowam edýän türkmen böleginde gurluşykçylar diametri 1420 millimetre ýetýän turbalary geçirerler, kompressor stansiýasyny, arassalaýyş enjamlaryny işe giriziş nokatlaryny, zerur bolan beýleki obýektleri, şol sanda, suw diwarlaryny we inženerçilik torlaryny, ýörite girelge ýollaryny, dispetçer nokatlaryny, gözegçilik posýoloklaryny gurarlar, elektrik üpjünçiligini ýolar goýarlar. Gaz geçirijiniň esasy böleginiň gurluşygy tamamlanandan soňra, dolandyryşyň awtomatika we telemehanika ulgamlary oturdylar. Bu bolsa gaz geçirijiniň tutuş ulgamyny bir dispetçer nokadyndan dolandyrmaklyga, eksport sarp edijileriniň zerurlyklaryna laýyklykda, goýberilýän gazyň mukdaryny köpeltmäge we azaltmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem, häzirki wagtda magistral gaz geçirijiniň «Galkynyş» gaz käninden başlap, Owganystanyň serhetlerine çenli aralygyň topografiki suratlary düşürildi we inženerçilik-gözleg işleri tamamlandy. Bu maglumatlar gaz geçiriji üçin has oňaýly ugry kesgitlemäge hem-de gaz geçirmekde peýdalanjak turbalary saýlap almaga ýardam eder.

Inžener-barlag işlerini çaltlandyrmak üçin iň täze buraw enjamlary ulanylýar. Alnan maglumatlary düýpli seljermek üçin häzirkizaman maglumat üpjünçiliginden peýdalanylýar. Potratçy kärhanalara gaz geçirijiniň ilkinji kilometrlerini gurmak üçin degişli resminamalar berildi. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň esasy böleginde we kömekçi ýerlerinde ulanyljak enjamlary seljermek we saýlamak işleri dowam edýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru