Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri açyldy

0
735
0
0

2-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy. Oňa gatnaşmak üçin EYR-nyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary boýunça guramasynyň başlygy Abuzar Ebrahimi Torkamanyň ýolbaşçylygynda uly döredijilik wekiliýeti Aşgabada geldi. Bu uly çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan EYR-nyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde guraldy. Çäräniň dabaraly açylyşy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Bu ýere döredijilik ulgamlarynyň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Dostlukly ýurduň wekiliýetine Tähran we Töwriz şäherleriniň, Demirgazyk Horasan welaýatynyň medeniýet edaralarynyň ýolbaşçylary, görnükli sazandalar, suratkeşler, halk senetçiliginiň ussatlary wekilçilik edýär. Dabarada çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary boýunça guramasynyň başlygy Abuzar Ebrahimi Torkaman hem-de EYR-nyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Ahmadi eýran hem-de türkmen halklarynyň baý medeni mirasyna bolan özara gyzyklanmany bellediler. Eýran tarapynyň wekilleri ynsanperwer ulgamda özara hereketleri ösdürmäge we baýlaşdyrmaga gönükdirilen ylmy maslahatlar, sergiler hem-de Medeniýet günleri ýaly çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtap, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklara hem-de däp-dessurlara aýawly garaýandygynyň nyşany hökmünde Türkmenistanda 2016-njy ýylyň "Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly" diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini aýratyn bellediler. Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda EYR-nyň medeniýet ussatlarynyň konserti boldy. Onuň maksatnamasyny halk aýdym-sazlaryny meşhur ýerine ýetirijileriniň çykyşlary düzdi. Şu gün Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda dostlukly ýurduň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi açylar. Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary meşhur eýran žiwopisçileriniň, fotosuratçylarynyň, kalligraflaryň, miniatýuraçylaryň, grawirleýjileriň, halyçylaryň, agaç we daş ýonujylaryň işleri bilen tanşarlar. Däp boýunça giňişleýin sergide pars şygryýetiniň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini görkezýän ajaýyp şekiller, täsin heýkeltaraşlyk işleri, agaçdan, toýundan ýasalan şekiller, owadan ýazuwyň hem-de ýazgynyň çeper bezeliş sungatynyň nusgalary, demri zikgeleme hem-de reňkler boýunça ýazgylar, gobelenler, milli egin-eşikler, her dürli sowgatlyk önümler görkeziler. Çäräniň maksatnamasy eýran režissýorlarynyň täze filmleriniň görkezilişini-de özünde jemleýär. Şol filmler “Watan” kinokonsert merkezinde görkeziler. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde EYR-nyň folklor toparlary ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary bilen aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny begendirer. Türkmen döwlet gurjak teatrynda ýaş zehinleriň duşuşyklary bolsa çagalar döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konsertine utgaşyp gider. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri 4-nji fewralda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde jemlener. Şol ýerde çäräniň ýapylyş dabarasy hem-de iki dostlukly ýurduň artistleriniň bilelikdäki konserti bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru