Soňky habarlar

Arhiw

Ruslan Mingazow: «Germaniýanyň we Italiýanyň güýçli toparlarynda çykyş etmek isleýärin»

10:0203.02.2016
0
14714

«Türkmenportalyň» okyjylarynyň arasynda 2015-nji ýylyň iň gowy futbolçysyny yglan etmek üçin ses berlişigiň geçirilendigini ozal hem habar beripdik. Biziň okyjylarymyz «Line», «Wkontakt» we «Odnoklassnik» sosial-aragatnaşyk ulgamlarynda bu hormatly derejä milli ýygyndymyzyň hem-de Çehiýanyň «Ýablones» toparynyň 24 ýaşly ýarym goragçysy Ruslan Mingazowy mynasyp gördüler.

Häzirki wagtda «Ýablones» bilen türgenleşikleri geçirip ýören ýarymgoragçy bilen onuň sylaglanyş dabarasynda (saýtyň ýörite Kubogy onuň kakasy Kamil Mingazowa gowşuryldy) biz Ruslan bilen internet arkaly ýübe-ýüz söhbetdeşlik guradyk.

Ses berlişigi guramaçylykly ýagdaýda geçirenligi üçin «Türkmenportal» saýtynyň redaksiýasyna hem-de meni we beýleki futbolçylary öz sesleri bilen goldandyklary üçin ähli janköýerlerimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin — diýip, söhbetdeşligiň başynda Ruslan aýtdy. — Meniň oýnumyň janköýerlerde söýgi döredýänligi üçin şatlygymyň çägi ýok, muny duýmak her bir futbolçy üçin uly mertebedir. Janköýerlerimiziň bu belent ynamy bize geljekde öz işimize has-da yhlasly ýapyşmaga goldaw berýär.

Şu gün men özümiň ilkinji tälimçim Wasiliý Wasilýewiç Karpowa ýene bir gezek hoşallygymy bildirmekçi, çünki ol meniň uly futboldaky ýollaryma ak patasyny beren ynsandyr. Ilkinji ädimlerimden Ýewropanyň çempionatlarynda çykyş etmegime, milli ýygyndymyzyň hataryna alynmagyma, umuman, meniň kämilleşmegime uly goşant goşan ähli adamlara — kakama, ähli futbolçy ýoldaşlaryma, şu wagta çenli işleşen tälimçilerimiziň hemmesine hoşallyk bildirýärin. Meni bu ses berlişikde goldan ähli janköýerlerimize-de öz adymdan we maşgalamyzyň adyndan minnetdarlyk bildirýärin.

Men milli ýygyndymyza-da geljekki oýunlarda has uly şowlulyklary, üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, bize Aziýa çempionatyna, diňe bir oňa-da däl, geljekki has uly ýaryşlara hem gatnaşmak miýesser etsin.

— Geçirilen ses berlişik hakdaky pikirleriňizi aýdaýsaňyz.

— Elbetde, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan hem ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edilmek ýakymly duýgy. Ýöne meniň üçin has köp adamyň gatnaşmagynda geçirilýän ses berlişigiň netijesini bilmek has gyzykly. Onda ýeňijidigiňi bilmek bolsa has ýakymly duýgulary bagyşlaýan eken.

— Şu günler «Ýablonesde» alyp barýan işleriňiz barada gürrüň beräýseňiz.

— Klubda hemme işler ugruna. Toparymyz häzir Portugaliýada türgenleşik geçýär. Men Çehiýada galdym, biraz agyrylarym bar. Ýöne bejergi alýan, nesip bolsa, möwsüm açylýança, doly gutulyp, toparyma kömek berip bilerin. Toparyň täzelikleri barada aýdylanda bolsa, «Ýablonese» täze baş tälimçi geldi, ol çehiýaly hünärmen. Toparymyz öňde duran duşuşyklaryny has şowly geçirer diýip ynanýarys. Häzir biz Çehiýanyň çempionatynda 16 toparyň arasynda 8-nji orunda barýarys.

— Topar möwsüm üçin öňünde nähili maksatlary goýdy?

— Ilkinji üçlüge girmek. Elbetde, birinji, ikinji orunlara çykyp bilmek ýeňil düşmez. Ýöne üçünji orna çykmak mümkin. Çünki ýaryş tertibinde toparlaryň häzire çenli gazanan utuklary biri-biriniňkä juda golaý. Üçünji orunda barýan topar bilen aramyzda 9 utuk bar. Ýöne öňümizde entek 15 oýun hem bar. Her hili ýagdaý bolup biler.

— Geçen ýyl internetiň dürli çeşmelerinde siziň bilen Ýewropanyň, esasan hem, Portugaliýanyň käbir klublarynyň gyzyklanýandygy barada habarlar çykdy. «Türkmenportalyň» okyjylarynyň saýlan iň gowy futbolçysyna şu ýyl hem Ýewropa klublaryndan teklipler barmy?

— Bu işler bilen meniň agendim gyzyklanar. Ýewropada bolsa gyşky transfer penjiresi ýapyldy. Men häzirlikde «Ýablonesde», topar bilen şu ýylyň tomsuna çenli şertnamam bar.

— Eger «Ýablones» size şertnamanyň möhletini uzaltmagy teklip etse razylaşarsyňyzmy ýa-da täze tekiplere garaşarsyňyzmy?

— «Ýablones» bilen şertnamamy uzaltmaga mümkinçiligim bar. Ýöne men has güýçli toparlarda özümi synamak isleýärin. Diňe öňe tarap ädim ätmek, has belent sepgitlere synanşyp görmek durmuş ýörelgelerimiň biri. Pursat dörän wagty ondan peýdalanmak gerek.

— Edil şu günler siziň bilen haýsy toparlaryň gyzyklanýandygyny anyk bilip bilerismi?

— Hakykatdan-da, meni düzümine çagyrýan klublar bar. Ýöne olar barada has anyk gürrüň etmek üçin tomsa garaşalyň. Meniň agendim Ýewropanyň güýçli klublarynyň birnäçesi bilen gepleşikleri geçirip ýör.

— Özüňiz haýsy ýurtda futbol oýnamagy gowy görýärsiňiz?

— Häzirlikçe, Angliýada çykyş etmäge mümkinçiligim ýok, ýöne ukyplarymy Germaniýada hem barlap görmegi isleýärin. Häzir biziň oýunlarymyza tomaşa etmek üçin güýçli toparlardan wekiller gelýär. Italiýanyň çempionatynda çykyş etmek hem meniň üçin gyzykly bolardy.

— Näme üçin Angliýada çykyş etmek mümkinçiligiňiz az?

— Milli ýygyndymyzyň reýtingdäki orny sebäpli. Onuň üçin ýurdumyzyň futbol ýygyndysynyň dünýäniň iň gowy 100-lüginiň hataryna girmegi zerur. Ýöne ýakyn geljekde bu sepgide ýetjekdigimize ynanýarys.

— Türkmen futbolynyň şu gününe nähili baha berýärsiňiz?

— Uzak wagta çeken arakesmeden soňra Türkmenistanyň futbol ýygyndysy öz ýurdumyzda duşuşyklary geçirmäge başlady. Özem şowly çykyş etdi. Bu janköýerler üçin hemişe-de ýakymly ýagdaýdyr. Biz 2015-nji ýylda dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynda öz ýurdumyzda dört milli ýygyndydan 10 utuk almagy başardyk. Ýakyn geljekde daşary ýurtlarda geçirýän duşuşyklarymyzda hem şowly çykyş edip başlarys diýip tama edýärin. Häzir ýygyndymyzyň öňündäki esasy maksat Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak. Men munuň ýetdirmejek sepgit däldigini anyk aýdyp bilerin. Bize ýokary derejede futbol oýnap bilýändigimizi ýene-de subut etmek gerek. Esasy zat bolsa, ertirimize ynam döredip bilýän gazanan gowy netijelerimiz, agzybir toparymyz, ussat tälimçilerimiz bar. Ýene-de iň dogry, iň takyk ýol bilen barha öňe gitmeli.

— Mart aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyrynda soňky duşuşygyny geçirer. Hindistanyň ýygyndysy bilen myhmançylykda geçiriljek bu duşuşyk baradaky pikirleriňizi hem biläýsek. Milli ýygyndymyzyň ýeňiş gazanyp bilmek mümkinçiliklerine nähili baha berýärsiňiz?

— Siziň hem aýdyşyňyz ýaly, bu duşuşyk biziň ýygyndymyzyň «D» toparçadaky soňky duşuşygy bolar. Men alan sary kartlarym sebäpli bu duşuşyga gatnaşyp bilmeýänligime gynanýaryn. Ýöne janköýerlerimiz arkaýyn bolsun, her kimiň hem ýerini şol adama mynasyp biri bilen çalşyryp bolýar. Milli ýygyndymyzyň bu duşuşykda esasy maksady ýeňiş gazanyp, 2019-njy ýylda geçiriljek aziýa çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň öňüsyrasynda has-da ruhlanmak, şol sanda reýtingdäki ornumyzy has ýokary galdyrmakdyr. Ýeňiş gazanmak bilen, biz Aziýa çempionatyna göni gatnaşmaga hukuk gazanyp bilerismi? Häzir bir zat aýtmak kyn. Çünki toparçada ikinji orny eýeleýän Omanyň milli ýygyndysynyň öňde ýene-de iki duşuşygy bar. Olarda Omanyň ýygyndysynyň şowsuz çykyşlary biziň haýrymyza bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň